30.11.2023 Täzelikler81 .

«Asyrlara ýörelge – nesillere görelde» atly bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi


Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden «Asyrlara ýörelge – nesillere görelde» atly bäsleşigiň jemini jemlemek, şeýle-de ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.

Türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasynyň görnüşlerini ýüze çykarmak, hasaba almak, milli maddy däl medeni mirasy öwrenijiler, milli mirasyň görnüşleri boýunça maglumatlary, dowam edip gelýän däpleri, halk tejribelerini bilýän ýaş hünärmenler bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak we pugtalandyrmak, maddy däl medeni mirasyň görnüşleriniň beýanyny, olaryň audio we wideo ýazgylaryny, suratlaryny toplamak, şeýle-de maddy däl medeni mirasyň görnüşlerini, türkmen halkynyň baý mirasyny, däp-dessurlarynyň aýratynlyklaryny öwrenmek ugrunda iş alyp barýan aýry-aýry şahslaryň, höwesjeňleriň milli maddy däl medeni mirasy toplamak, öwrenmek we gorap saklamak işine giňden gatnaşmaga işjeň çekilmegini üpjün etmek, maddy däl medeni mirasyň görnüşlerini ýüze çykarmak, hasaba almak, toplamak we öwrenmek boýunça ýerli hünärmenleri taýýarlamak, höwesjeň täze zehinleri ýüze çykarmak, şeýle-de ýitip gitmek howpy bar bolan, maddy däl medeni mirasyň (diňe belli bir maşgalalarda, belli bir obanyň, etrabyň, welaýatyň çäginde ýerleşýän) görnüşlerini ýüze çykarmak, hasaba almak, toplamak, öwrenmek hem-de olaryň halk arasynda giňden ýaýramagyna şert döretmek maksady bilen geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň welaýatlaryndan 50-den gowrak iş geldi.

Bäsleşige hödürlenen işlerde türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasyna degişli bolan milli gymmatlyklarymyzyň taýýarlanylyşy, gündelik durmuşymyzda ulanylyşy giňden açylyp görkezilýär. Bäsleşige hödürlenen işleriň arasynda milli lybaslaryň, tagamlaryň taýýarlanylyşy, senetçilik we senetçilik önümleriniň taýýarlanylyşy, keşdeçilik sungaty, telpek tikmek we taýýarlamak, şeýle-de maddy däl medeni mirasynyň beýleki görnüşleri bar.

Türkmenistan Watanymyz dünýäde deňi-taýy bolmadyk meşhur halylaryň, şaý-sepleriň, zergärçilik, külalçylyk sungatynyň, senetçiligiň, ussaçylygyň gadymy mekanydyr. Taryhy döwürlerde medeni ösüşleri başdan geçiren bu gadymy toprakda milli gymmatlyklaryň gaýtalanmajak nusgalary döredilipdir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň milli medeni mirasyna täze ömür goşulýar. Häzirki döwürde gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni mirasymyzy gaýtadan dikeltmek, olary ylmy esasda çuňňur öwrenmek, ösdürmek, gorap saklamak, aýawly ýagdaýda indiki nesillere ýetirmek, şonuň esasynda hem ruhy taýdan baý, kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatda tutumly işler alnyp barylýar. Milli mirasymyzy çuňňur öwrenmek maksady bilen dürli maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler geçirilýär, milli gymmatlyklarymyzy öz içine alýan sergiler guralýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda guramaçylykly geçirilen «Asyrlara ýörelge – nesillere görelde» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynda senetçileriň taýýarlan milli gymmatlyklaryny sergisi guraldy. Bu sergi türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyndan söz açýar.

Dabaranyň ahyrynda «Asyrlara ýörelge – nesillere görelde» atly bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Baýrakly orunlara mynasyp bolan ildeşlerimize Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.


29.11.2023

medeniyet.gov.tm

Tmpedagog