27.11.2023 Täzelikler122 .

Açyk gapylar güni geçirildi


Ak bugdaý etrabyndaky takyk ugurly we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdepde Açyk gapylar güni geçirildi. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen Açyk gapylar gününe etrap häkimliginiň wekilleri, welaýat Baş bilim müdirliginiň, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, mekdep mugallymlary gatnaşdy.

Açyk gapylar gününe gatnaşan myhmanlar okuwçy ýaşlaryň joşgunly çykyşlary astynda garşylandy. Zehinli çagalaryň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasynda häzirki bagtyýar döwrümiz, bilim ulgamynyň ösüşleri, medeni gymmatlyklarymyz, baý mirasymyz öz beýanyny tapdy. Olaryň ýerine ýetiren «Doganlyk» tansy bolsa, halklaryň dost-doganlygynyň, abadan durmuşyň dabaralanmasy bolup, ýürekleri heýjana getirdi. Bagtyýar nesliň aýdym-sazly çykyşlarynda ajaýyp döwrümize bolan buýsanç aýdyň ýüze çykdy.

Aýdym-sazly çykyşlar astynda mekdebiň eýwanyndaky sergi bilen tanyşmak myhmanlar üçin has-da ýakymly boldy.

Açyk gapylar gününiň çäginde açyk sapaklar, şeýle-de göreldeli sapaklar guraldy. Dürli synplar okuw dersleri boýunça geçirilen sapaklar bilim işgärleriniň hünär ussatlygyny aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Başlangyç synp mugallymlary Aýjahan Şyhyýewanyň ene dili dersinden «Tebigaty goralyň!», Aýjemal Myradowanyň matematika dersinden «Jemi sana goşmak», Ejeş Annamyradowanyň ýaşaýyş durmuş esaslary dersinden «Mekdepde özüňi dogry alyp barmak», Gülaýym Gurdowanyň tebigaty öwreniş dersinden «Materikler we okeanlar» diýen temadaky sapaklary uly täsirleri döretdi. Sapaklarda mugallymlar başlangyç synp okuwçylaryň sözleýşini kämilleşdirmekde milli mirasymyzdan peýdalanmak babatdaky baý iş tejribesini we ussatlygyny görkezdiler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, ösüp gelýän ýaş nesle milli ruhda bilim-terbiýe bermek, bilim işgärleriniň hünär ussatlygyny açyp görkezmek, öňdebaryjy iş tejribelerini öwrenmek hem-de ýaýratmak maksady bilen geçirilen açyk gapylar güni oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Oguljuma GURBANOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky takyk ugurly we iňlis dili
okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen
45-nji orta mekdebiň müdiri.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 22.11.2023

Tmpedagog