16.11.2023 Täzelikler320 .

Türkmen dili we edebiýat hepdeligi geçirilýär


Noýabr aýynyň ikinji hepdesi Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebinde türkmen dili we edebiýat hepdeligine bagyşlandy. Türkmen edebiýatynyň görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň suratlary bilen bezelen mekdebiň esasy girelgesiniň meýdançasy okuwçylaryň ünsüni özünde jemledi. Türkmen dili we edebiýat sapagyna degişli materiallar, şahyrlaryň golýazmalary, kitaplar bilen bezelen sergi hemmelerde gyzyklanma döretdi.

Açylyş nyzamy bilen başlan hepdelik 11-nji synplaryň okuwçylarynyň konditer önümlerini bişirmek boýunça bäsleşigi bilen dowam etdi. Gyzykly geçen bäsleşige gatnaşan, ýeňiji bolan okuwcylara aýratyn minnetdarlyk bildirmek bilen süýji arzuwlar edildi.

Görnükli türkmen ýazyjy-şahyrlary bilen baglanyşykly soraglara jogap ýazmak: mekdebiň islendik okuwçysy üçin elýeterli edilen guty zehinli okuwçylar tarapyndan hepdeligiň tamamlamadygyna garamazdan birnäçe gezek dolduryldy.

Hepdeligiň çäginde meýilnama esasynda mekdep okuwçylarynyň arasynda zehin bäsleşigi, milli tagamlary bişirmek, Magtymguly Pyraga bagyşlanan edebi agşamlyk we döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi dowam edýär.


www.tmpedagog.com.tm

Tmpedagog