26.10.2023 Täzelikler145 .

Döredijilik bäsleşiginde


Ak bugdaý etrabyndaky 16-njy orta mekdepde «Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy» ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bu bäsleşik Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan bilelikde guraldy.

Oňa etrapdaky umumybilim berýän orta mekdeplerden zehinli okuwçylar höwes bilen gatnaşyp, döredijilik babatdaky zehin-başarnygyny görkezdiler. Okuwçy ýaşlaryň goşgy ýazmak we olary labyzly okamak, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, şeýle-de dana atamyzyň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti hakda gürrüň bermek başarnygy ýeňijileri kesgitlemäge ýardam etdi.

Ýakymly duýgulara beslenen bäsleşikde etrapdaky 11-nji orta mekdebiň okuwçylary birinji, 16-njy orta mekdebiň okuwçylary ikinji, 17-nji orta mekdebiň okuwçylary üçünji orny eýeledi. Ýeňijilere ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Oguljennet ALLAMYRADOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 25.10.2023

Tmpedagog