18.10.2023 Täzelikler99 .

Üstünlikli geçen bäsleşik


Ýakynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň 97-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda robot bäsleşigi geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) guramagynda geçirilen bu bäsleşikde mekdep okuwçylary öz ýasan robotlary bilen gatnaşyp, ylmy taslamalary bilen çykyş etdiler.

Bäsleşik birnäçe ugurdan ybarat boldy. Olara «Robot Race» — robot ýaryşy, «Manual Sumo», «Auto-sumo», «Mars-River» — päsgelçilikli robot ýaryşy, «Line Follower» — ak fonda gara çyzyk yzarlaýan robot ýaryşy, şeýle hem STEM dersleri boýunça ylmy taslamalar degişlidir. Bu bäsleşikde Gökdepe etrabynyň Annak Sähetmyradow adyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Orazniýaz Rejepow iki ugur boýunça ýeňiji bolmagy başardy we ÝUNISEF-iň sertifikatyna hem-de gymmat bahaly sowgatlaryna mynasyp boldy.

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesiller döwrebap tehnologiýalara, tebigy we takyk bilimlere oňat düşünýärler. Geçirilýän bäsleşikler hem okuwçylaryň zehinleriniň ösdürilmegine, olaryň okamaga, bilim öwrenmäge bolan höwesleriniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nurana geljegi nazarlaýan beýik işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Kakamyrat MYRADOW,
Gökdepe etrabynyň Annak Sähetmyradow adyndaky ýöriteleşdirilen
42-nji orta mekdebiniň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 18.10.2023

Tmpedagog