28.09.2023 Täzelikler155 .

Saýatly mugallyma «Zenan kalby» ordeni gowşuryldy


Saýat etrabyndaky 30-njy orta mekdebiniň mugallymy Maral Hemraýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permany bilen «Zenan kalby» ordeni berildi.

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow saýatly mugallym zenana mynasyp bolan döwlet sylagyny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçirilen mejlisiniň dowamynda gowşurdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen bu döwlet sylagy zenanlaryň altysyna gowşuryldy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ozalky başlygy, häzir Arkadag şäher häkimliginde umumy bölümiň müdiri bolup işleýän Gülşat Mämmedowa hem bar.




jeyhun.news

Tmpedagog