23.09.2023 Täzelikler110 .

Zenan mugallymlar bäsleşdiler


Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli welaýatymyzyň on müň orunlyk sport toplumynda orta mekdepleriň zenan mugallymlarynyň arasynda «Sport — sagdynlyk» ady bilen woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt, şaşka boýunça sport ýaryşlary geçirildi.

TZB-niň welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň guramagynda geçirilen ýaryşlar örän çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Sportuň görnüşleri boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Woleýbol boýunça geçirilen ýaryşda Akdepe etrabynyň topary birinji, Şabat etrabynyň topary ikinji, Görogly etrabynyň topary bolsa üçünji orunlary eýelediler. Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Görogly etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň mugallymy Şabibi Hudaýnazarowa, küşt boýunça Akdepe etrabyndaky 95-nji orta mekdebiň mugallymy Anahan Matsapaýewa, şaşka boýunça Görogly etrabyndaky 54-nji orta mekdebiň mugallymy Gülşat Seýtekowa dagy üstünlikli çykyş edip, ýeňiş gazandylar. Ýaryşda üstünlik gazanan türgenler we toparlar Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.


"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 21.09.2023

Tmpedagog