11.09.2023 Täzelikler595 .

Ýol hereketiniň düzgünleri öwredilýär


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her ýylda däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen geçirilýän biraýlyk çäre halkymyzyň saglygyny goramakda, olaryň abadan durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde dürli maksatly dünýä ülňülerine gabat gelýän döwrebap binalardyr ýollar gurlup ulanmaga berilýär. Günsaýyn täze ösüşlere barýan ýurdumyzda ulaglaryň sany barha artýar. Şeýlelikde, ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişiniň gözegçilikde saklanmagy zerur bolup durýar. Şonuň üçin ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegi ugrunda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde möhüm işler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde okuwçylaryň arasynda ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek boýunça täsirli duşuşyklardyr çäreler geçirilýär.

Şeýle çäre Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň arasynda hem geçirildi. Bu çäre geljegimiz bolan ýaş nesilleriň ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmeklerini gazanmak üçin aýratyn many-mazmuna eýe boldy.

Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýollarda howpsuz şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan netijeli işler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Çäräniň dowamynda mekdebimiziň okuwçylarynyň arasynda «Ýolyşyk — biziň dostumyz» ady bilen surat çekmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyna degişli goşgulary aýtmak boýunça bäsleşik hem geçirilip, onda tapawutly çykyş eden okuwçylar Hormat hatlary we höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Tuwakgül HAJYÝEWA,
Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
15-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 11.09.2023

Tmpedagog