18.08.2023 Täzelikler141 .

Mekdepler çagalara garaşýar


Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýaş nesliň ýokary ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli bolmaklary, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaga ukyply hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Çagalar döwrüň talabyna laýyk gelýän bilim ojaklarynda okap, bilim, terbiýe alýarlar. Bilşimiz ýaly, Bilimler we talyp ýaşlar gününe — täze okuw ýylynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2023 — 2024-nji täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda hem umumybilim berýän orta mekdeplerde abatlaýyş-bejeriş işleri üstünlikli geçirilýär. Mekdepleriň ählisi timarlanyp, synp we beýleki iş otaglary kemsiz abatlanylýar. Munuň şeýledigine Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyna baranymyzda hem aýdyň göz ýetirdik. Bular dogrusynda mekdep-internatynyň direktory Sähragül Mürzäýewa buýsanç bilen gürrüň berdi.

— Ine, ýene-de sanlyja günlerden ýurdumyzdaky ähli bilim ojaklarynda ilkinji jaňlar kakylyp, täze okuw ýyly badalga alar. Kalplary bilime teşne ýaşlarymyzyň müňlerçesi ak mekdepleriň gujagyna dolarlar. Mekdep okuwçylary okuw ýylynyň başlanmagyna howlugýan bolsalar, mugallymlar ýaş nesillerimizi garşy almaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Häzirki wagtda mekdepleriň, çagalar baglarynyň binalarynda abatlaýyş-rejeleýiş işleri tamamlaýjy tapgyrlarda alnyp barylýar. Bilim edaralarynyň ählisinde bolşy ýaly, biziň mekdebimizde hem täze 2023 — 2024-nji okuw ýylyna taýýarlyk işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Mugallymlar mekdebimiziň täze okuw ýylyna taýýar bolmagy ugrunda irginsiz alada edýärler. Şu ýyl mekdebimiziň döredilenine hem 30 ýyl dolýar. Her bir synp otagynda, zallarda edilmeli işler gözden geçirilip, abatlaýyş işleri tamamlandy. Watanymyzyň şan-şöhratyny Arşa göterjek, beýik ösüşlere öz mynasyp goşantlaryny goşjak nesiller kemala gelýär. Ýaşlarymyz häzirki wagtda döwlet we halkara derejesinde geçirilýän abraýly ýaryşlara, zehin bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, oňat netijeleri gazanmagy başarýarlar. Her gezek halkara ýaryşlaryndan ýokary derejeli sylag-serpaýly, altyndyr kümüş medally dolanyp gelen ýaşlary synlanyňda ýüregiň buýsançdan dolýar.

Goý, berkarar Diýarymyzy ylymlaryň we bilimleriň mekanyna öwürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Maýagözel GOŞAÝEWA,
«Aşgabat».

"Aşgabat" gazeti, 17.08.2023

Tmpedagog