16.08.2023 Täzelikler230 .

Sanly bilim — bilimiň häzirki zaman tendensiýasy


Bilim ulgamynyň döwrebap häsiýete eýe bolmagy ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işleriň aglabasy bilen özara baglanyşyklydyr. Milli ykdysadyýetiň dürli ulgamlary hem öz nobatynda ylma, nazary çemeleşmelere, şonuň bilen birlikde hem döwrebap tehnologiýalara daýanýar. Jemgyýetiň şu günki islegleri, durmuşy ýagdaýlara bolan garaýşy kesgitlenende sanly asyryň häzirki tapgyrynda bilim ulgamynyň işini bu babatdaky mümkinçilikler bilen utgaşdyrmak möhüm tendensiýalaryň biri bolup öňe çykýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň iň täzeçil usullaryň, tehnologiýalaryň, mümkinçilikleriň, aýratyn-da, ýaşlaryň ylmy garaýyşlarynyň täze ösüşlere badalga berýän döwri bolmalydygy dogrusynda hormatly Prezidentimiz özüniň çykyşlarynda aýratyn nygtaýar. Bu bolsa, sanly ykdysadyýete geçmek babatda tehnikanyň ösüşi bilen yzygiderli gyzyklanyp, özlerinde zerur bolan başarnyklary kemala getirýän ýaşlara uly ynam bildirilýändigini aňladýar.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzda ähli ulgamlaryň işini sanlylaşdyrmak esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Bu wezipeler bilen baglylykda häzire çenli gazanylan oňyn netijeleri bolsa dürli maksatly web-saýtlaryň, elektron dolandyryş ulgamlarynyň, täze sanly hyzmatlaryň döredilmeginde hem-de kämilleşdirilmeginde görmek bolýar. Bu, aýratyn-da, ähli ykdysady ulgamlaryň sanly ulgama tapgyrlaýyn geçmegine mümkinçilik döretdi. Şu maksat bilen hem häzirki wagtda dürli ugurlara degişli bolan sanly taslamalar işlenip taýýarlanyp, olar işjeň häsiýetde dolandyrylyp başlandy.

Sanly ulgamyň çygrynda bu günki günde sanly bilim düşünjesi hem örän giň ulanylyş gerimine eýe boldy. Onuň dürli häsiýetli aýratynlyklary bu günki günde multimediýa tehnologiýalarynda, programma üpjünçilikleri esasynda iş alyp barmakda, şeýle-de onlaýn internet resurslarynda ýüze çykmagyny dowam edýär. Sanly bilim taslamalarynyň hatarynda ýurdumyzda hereket edýän web-saýtlaryň öwredijilik aýratynlygy, olarda mugallymlaryň, şeýle-de ýaş öwrenijileriň öz bilim başarnyklaryny kämilleşdirmegine ýardam edýän maglumatlaryň ýetirilmegi hem sanly ulgam esasynda bilim almak şertleriniň özboluşly tarapydyr. Bu dünýä tejribesinde giňden ornaşdyrylýan mümkinçilik bolup, «e-learning» usulynda öwrenmek, ýagny öwrenijilere uzak aralykdan bilim almaga ýardam edýär, mugallymlara alyp barýan okuw hem-de terbiýeçilik, guramaçylyk işlerinde gollanma bolup hyzmat etjek bilimleri ýetirýär. Ylym-bilim ugruna ýöriteleşdirilen web-saýtlaryň mazmunynyň dürli zerur maglumatlara baý bolmagy olaryň sanly ulgamyň durmuşymyza giňden ornaşýan döwründe iň ykjam salgy bolmagyna getirýär.

Belleýşimiz ýaly, ylym-bilim ugruna ýöriteleşdirilen web-saýtlaryň işlenip taýýarlanylmagy hem-de olaryň sahypalarynda işjeň ulanyjylaryň artmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu babatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň fewral aýynda öz işine başlan «Türkmen pedagogy» web-saýtynyň mekdep mugallymlaryna gollanma bolup hyzmat edýändigini bellemek bolar. Onuň bölümlerinde ýetirilýän maglumatlaryň ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde geçilýän okuw sapaklary we olardaky berilýän temalar bilen kybapdaş bolmagy okuw sapagyny täze maglumatlar bilen baýlaşdyrmak üçin ähmiýetlidir.

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki Magtymguly adyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň informatika mugallymy Döwranguly Annagulyýewiň esaslandyran «Türkmen pedagogy» (www.tmpedagog.com.tm) web-saýty Türkmenistanda sanly bilimi ösdürmegiň konsepsiýasyndan ugur alnyp taýýarlanmak bilen, mekdep mugallymlarynyň gollanma maglumatlary toplamagynda işini görnetin ýeňilleşdirmegi göz öňüne tutýar. Bu taslamanyň maksady türkmen pedagoglarynyň başarnyklaryny, iş tejribesini, döredijiligini, üstünliklerini, iş aýratynlyklaryny öwrenmek we köpçülikleýin paýlaşmakdan ybaratdyr. Web-saýtyň täzelikler, pedagogika, gollanma, döredijilik, söhbetdeşlik, bäsleşik, bildiriş diýen bölümleri, şeýle-de goşmaça bölümçeleri bar. Olarda her bölümiň özüne mahsus materiallar jemlenip, yzygiderli täze maglumatlar bilen üpjün edilýär.

Pedagogik saýtlaryň saýt-maglumat, saýt-portfolio, okuw dersiniň saýty, bilim saýty ýaly görnüşleri bolup, täze taslama bularyň ahyrky görnüşine degişlidir. Onda bilim ulgamynyň mekdep maksatnamasyndaky dürli maglumatlary beýan edilýär. Bellemeli zatlaryň biri hem web-saýtyň ýöriteleşdirilen resurs hökmünde daşary ýurtlaryň pedagogik saýtlarynyň tejribesinden ugur alnyp, şonuň bilen birlikde-de milli mugallymçylyk tejribesini göz öňünde tutup ýola goýulmagydyr. Has takygy, bu ýerde taslamanyň has netijeli bolmagy üçin web-žurnalistika we media analitik ugurlaryndan tejribeli bilermenleriň ýörelgelerine daýanylmagy aýratyn nygtalmaga degişli. Çünki umumy orta bilimiň giňden peýdalanylýan ýörelgelerine salgylanmak, sanly bilim ulgamynyň täsirli usullaryndan biri bolan pedagogik web-saýtyň nazaryýetini özleşdirmek täze taslamany işjeňleşdirmekde ilkinji möhüm ädimlerdir.

Şunuň bilen baglylykda, internet sahypasynyň döredilmeginde birnäçe esasy ýörelgeler nazarda tutulypdyr. Mysal üçin, web-saýtdan okuwçylaryň peýdalanmagy babatda olaryň ýaş we psihologik aýratynlyklary, başarnyklarynyň dürli görnüşlerde we derejelerde bolmagy, ähli okuw derslerine degişli maglumatlaryň deň ýerleşdirilmegi, şeýle hem ulanyjylar köpçüliginiň peýdalanýan enjamlarynyň görnüşlerine ähmiýet berilmegi netijeli çözgütdir.

Bu ugur nobatdaky tapgyrda ýurdumyzda mugallymçylyk işinde köp ýyllyk tejribe toplan halypa mugallymlaryň pikirlerini durmuşa geçirmek hem ýaş nesillere ylym-bilimiň esaslaryny öwretmekde çemeleşmegiň iň netijeli usullarynyň biri bolup durýar. «Türkmen pedagogy» web-saýtynyň işiniň mysalynda muny aýdyň görmek bolýar. Saýtyň sahypalarynda «Öňdebaryjy mugallymlar bilen söhbetdeşlik», «Ýaş mugallymlara maslahat» diýen bölümçelerde halypa-şägirtlik ýörelgesi giňden şöhlelenýär. Şu nukdaýnazardan Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplarynda öňe sürülýän bu ideýanyň web-saýtyň sahypalaryndaky materiallaryň içinden eriş-argaç bolup geçmegi nesilleriň baglanyşygyny, türkmen ylym-biliminiň nesilden-nesle dowamatyny alamatlandyrýar.

Bilimiň sanlylaşdyrylmagynyň bu täzeçil usulyny taryhy taýdan seljermekde taryhy özgeriş yzygiderliligini görmek bolýar. Mysal üçin, geçen asyrda «Sowatlylyk ugrunda göreş» gazeti, «Kommunistler magaryfy», «Mugallyma kömek» ýaly žurnallar bolan bolsa, soňlugy bilen «Mugallymlar gazeti» gazeti, «Bilim» žurnaly, «Garagum» žurnaly ýaly neşirler çap edilip, sahypalarynda mugallymlaryň peýdalanyp biljek maglumatlaryny ýetirip geldi. Asyryň başlaryna internet ulgamynyň ornaşdyrylyp, ýyllarboýy kämilleşdirilmegi netijesinde bolsa elektron neşirler, web-saýtlar açylyp, bu ugurdaky işi interaktiw, has anygy konwergentli (ähli ulanyjylar üçin elýeterli) etmegiň ýollary amal edildi. Häzirki günlerimizde hem onuň yzygiderli ösdürilmegi dowam etdirilýär.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, sanly ykdysadyýete geçmek döwrüniň tapgyrlaýyn alnyp barlyşynda halk hojalygynyň dürli durmuş ugurlary elýeterli şertde özüniň beýanyny tapyp, häzirki zaman tehnologiýalary esasynda iş usullaryny kämilleşdirýär. Muňa bu günki günde ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň aýry-aýry pudaklarynyň ýetirýän hyzmatlarynyň sanly ulgam esasynda ýola goýulmagyny — dürli jemgyýetçilik zerurlyklaryndan adamlaryň internet toruna birikmek bilen smartfonlar, kompýuterler, planşetler we beýleki gajetler esasynda peýdalanyp bilmegini mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu hut şu günki günde ýaşaýjylaryň kem-kemden täze mümkinçilikli şertlere uýgunlaşmagy bilen has-da oňyn netijelerini berýär.

Bu işler öz nobatynda, umumy düşünilende, häzirki zaman bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagyny, ýagny innowasion ösen tehnologiýalar esasynda mugallym bilen okuwçynyň ykjam aragatnaşygyny, ählitaraplaýyn kämillik derejesiniň ýokarlanmagyny göz öňüne tutýar. Muny bolsa ýola goýmagyň dürli hili görnüşleri bolup, olar esasynda bilim taslamalarynyň sany yzygiderli artýar.

«Türkmen pedagogy» pedagogik web-saýtynyň mysalyndan hem görnüşi ýaly, degişli ulanyjylar köpçüligi bilen ikitaraplaýyn aragatnaşygyň ýola goýulmagy, pedagoglara, şeýle hem okuwçylara gündelik durmuş mümkinçiliklerine görä oňyn täsir etmek jemgyýetiň ýagty geljegini maksat edinýär. Şular ýaly taslamalaryň yzygiderli açylmagy netijesinde türkmen pedagoglarynyň, şeýle-de okuwçy ýaşlaryň döwrümiziň ösüşlerinden her günde habarly bolmagy, olaryň bir bitewi ulgamda bilimlerini, başarnyklaryny kämilleşdirmegi, wagtlaryny tygşytly peýdalanmak bilen, sanly ulgamyň enjamlaryna kämil erk etmegi öwrenmegi gazanylýar.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,
žurnalist.

"Türkmen dünýäsi" gazeti, 08.08.2023

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog