29.05.2023 Täzelikler121 .

Öňdebaryjy mugallymlar sylaglanyldy


Türkmenistanda 2022—2023-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli ýaş nesle bilim-terbiýe bermek işinde tapawutlanýan, syýasy-jemgyýetçilik işlerinde köplere görelde bolýan bilim işgärleriniň birnäçesine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Olaryň arasynda 30-njy orta mekdepden Maral Hemraýewa, 53-nji orta mekdepden Agageldi Garajaýew, 9-njy orta mekdepden Gadam Gurbanow ýaly tejribeli mugallymlar, 38-nji orta mekdebiň müdiri Çynar Nuryýewa we beýlekiler bar. Munuň özi geçen döwürde bitirilen işlere, gazanylan netijelere baha bermäge, öňdebaryjy iş tejribeleri umumylaşdyrmaga mümkinçilik berdi.




jeyhun.news

Tmpedagog