29.05.2023 Täzelikler104 .

Synaglar dowam edýär!


Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde synpdan-synpa geçiriş synaglary guramaçylykly dowam edýär. Ders synaglary okuwçylar üçin bilimleri kämilleşdirmegiň esasy bolup durýar. Okuwçylar geçen döwrüň dowamynda özleşdiren bilimleriniň derejesini gaýtadan synap görýärler, geçilenleri gaýtalaýarlar. Ýatda saklamaly ýerlerine aýratyn üns berýärler. Öňki alnan bilimleri täzeden aňlarynda dikeltmeli bolýarlar. Taýýarlyk döwründe okuwçylar geçenlerini birlaý gaýtalap çykmaly bolýar. Şeýle taýýarlykdan soň olaryň ýokary baha alýanlary köp bolýar. Şonuň üçin, ilki bilen, jemleýji synaglaryň nähili görnüşde alynýandygyny nazara almak bilen, mekdepde taýýarlyk işleri geçirilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde gutardyş synaglaryny ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylykly işler alnyp barylýar. Synaglardan öňürti mugallymlar we ýokary synp okuwçylary bilen taýýarlyk okuwlary geçirilýär. Mekdepleriň giň zalynda gözükdirijiler goýuldy. Mugallymlaryň nobatçylygy boýunça meýilnamalar düzüldi.




ashgabat.in

Tmpedagog