27.05.2023 Täzelikler66 .

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli Türkmenistanyň mekdepleriniň uçurymlarynyň, mugallymlarynyň we ähli bilim işgärleriniň
ÝÜZLENMESI


Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Size Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli ýurdumyzyň mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagyňyz, şeýle hem bu baýramçylyk dabarasynyň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegi babatda beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin köp sagbolsun aýdýarys. «Soňky jaň» dabarasynyň döwrebaplygyň nusgasyna, binagärligiň merjenine hem-de geljegiň şäherine öwrülen Aşgabat şäheriniň güni bilen utgaşyp gelmegi agzybirligimizi pugtalandyrýar, eziz Diýarymyzyň, hormatly Prezidentimiz, Siziň, mähriban halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeldýär. Siziň bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini ileri tutýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Hormatly Prezidentimiz!
Siziň baştutanlygyňyzda täze taryhy döwürde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary, şol sanda milli bilim ulgamy maksatnamalaýyn we toplumlaýyn esasda ösdürilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-tejribe taýdan esaslandyrylan «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryndan hem-de, Arkadagly Serdarymyz, Siziň bu şygaryň dowamy bolan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgäňizden, berkarar döwletimiziň beýik geljegini ylym we bilim ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşi, ýaş nesliň bilim-terbiýesi bilen berk baglanyşdyryp: «Ylym we bilim jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr» diýip aýdan sözleriňizden ugur alnyp, ýaş nesliň bilim we terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, döredijilige ugrukmagy, Watanymyza, halka, milli ýol-ýörelgelerimize wepaly nesiller bolup ýetişmegi üçin ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşlerine, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanylyp, bagtyýar ýaşlaryň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen düýpli wezipelerden ugur alyp, milli bilim ulgamy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, mekdebe çenli, orta, başlangyç hünär, orta hünär, ýokary hünär bilimi edaralaryndaky okuwlaryň ýokary hili üpjün edilýär. «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň», şeýle hem «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» esasynda mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim bermegiň ähli derejelerinde iň öňdebaryjy usullar, pedagogik tejribeler giňden ornaşdyrylýar. Bagtyýar ýaşlarda Watana, halka, hormatly Prezidentimiz, Size, döwlet nyşanlarymyza, milli gymmatlyklarymyza hormaty we söýgini, ynsanperwerligi terbiýelemek, ösdürmek maksady bilen, okuw maksatnamalary, okuw kitaplarydyr gollanmalar yzygiderli kämilleşdirilýär, many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar.

Täze taryhy döwürde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy, şol sanda Aziýa, Ýewropa, Amerika yklymlarynyň meşhur ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň gerimi has-da giňeldilýär. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, bilimiň mümkinçilikleriniň yzygiderli artdyrylmagyna, ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen taslamalar durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi Siziň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygyňyzda biziň okamagymyz, öwrenmegimiz, zähmet çekmegimiz, elmydama kämillige tarap ymtylmak arkaly özümizi gurujy, dörediji, maksada okgunly nesiller hökmünde tanatmagymyz üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini tassyklaýar. Siziň taýsyz tagallalaryňyz bilen milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän beýik işlere biz örän buýsanýarys we guwanýarys.

Belent mertebeli döwlet Baştutanymyz!
Siziň ömrüni nesil terbiýesine bagyş eden mähribanlaryňyz — ilhalar ynsan, watançy esger, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýew, her bir işde görelde bolan eziz ataňyz Mälikguly Berdimuhamedow watansöýüjiligiň hakyky nusgasyny görkezen beýik ynsanlardyr. Siziň mähriban pederiňiz Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri, kalbymyzda watansöýüjilik, dostluk-doganlyk, ynsanperwerlik duýgularyny joşdurýan öwüt-nesihatlary belent ahlaklylyga çagyryşdyr. Çuň pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary biziň üçin deňi-taýy bolmadyk gymmatly gollanmalardyr, ylym-bilim, edep-terbiýe hazynasydyr.

Sarpasy belent Prezidentimiz!
Siziň: «Täze taryhy döwürde milli ýörelgelerimizi dabaralandyrmak, okamak, öwrenmek, zähmet çekmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak biziň esasy maksadymyzdyr» diýen sözleriňiz hem-de ýaş nesil barada edýän yzygiderli aladalaryňyz bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar. Siziň: «Täze taryhy döwürde pederlerimiziň arzuw eden Garaşsyz Watanymyzyň kuwwatyny artdyrmak hem-de dünýäde şöhratlandyrmak ugrundaky beýik maksatlarymyzy amala aşyrmakda geçjek durmuş ýollaryňyzda bagtyýar döwrümizden ruhlanyp, okamak, öwrenmek, zähmet çekmek, kämillige ymtylmak arkaly özüňizi gurujy, dörediji, maksada okgunly nesiller hökmünde tanatmalysyňyz» diýip, bildiren belent ynamyňyzy ödemek üçin biz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we bütin dünýädäki abraý-mertebesiniň ýokarlanmagynyň bähbidine hemişe yhlasly zähmet çekjekdigimize, bilim we ylym başarnyklarymyzy has-da kämilleşdirjekdigimize Sizi ynandyrýarys. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, mertebäňiz hemişe belent bolsun, Arkadagly Serdarymyz!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Türkmenistanyň mekdepleriniň uçurymlary,
mugallymlary we ähli bilim işgärleri.

"Türkmenistan" gazeti, 26.05.2023

Tmpedagog