14.05.2023 Täzelikler59 .

Bilimiň binýady berkeýär


Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň tutanýerli tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamyna dünýäniň ösen tejribeleri ornaşdyrylýar. Güneşli Diýarymyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň ählisinde bolşy ýaly, Dänew etrabyndaky orta mekdeplerde we çagalar baglarynda hem ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şu tagallalar bilen birlikde etrapdaky bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek, mugallymlaryň we terbiýeçileriň iş tejribesini baýlaşdyrmak boýunça işleriň ýola goýluşy bilen gyzyklanyp, etrap bilim bölüminiň müdiri Bazarbaý Soltanowa ýüz tutduk. Ol bilim özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi barada şeýle gürrüň berdi.

Etrabyň bilim edaralarynda sanly bilim ulgamynyň goruny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Sanly bilim ulgamynyň tor maksatnama üpjünçiliginiň binýadynda sanly bilim portalynyň döredilmegi, sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde etrabyň orta mekdepleri bilen ýurdumyzyň beýleki orta mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Etrabymyzda häzirkizaman talaplaryna laýyk gelýän, ähli amatlylyklary bolan orta mekdepleriň 7-si, çagalar baglarynyň 12-si gurlup, ulanylmaga berildi, birnäçe mekdeplerde dersleri çuňlaşdyryp okatmaklyk giňden ýola goýulýar.

Mugallymlaryň we terbiýeçileriň geçýän sapaklarynyň wideo we ses ýazgylaryny okuwçylaryň özbaşdak özleşdirmeklerine mümkinçilik döredilýär. Şonuň netijesinde üstümizdäki okuw ýylynyň dowamynda mekdep okuwçylarynyň 156-sy dürli derejelerde geçirilen bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etdiler. Etrabymyzyň okuwçylarynyň 25-si «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň welaýat, 2-si döwlet tapgyrynda ýeňiş gazandy. Mekdep okuwçylarynyň 7-si ylmy-taslama bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda baýrakly orna mynasyp boldy.

Etrabymyzdaky 24-nji çagalar bagy «Iň gowy çagalar bagy» bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda birinji orny eýeledi. 31-nji çagalar bagynyň müdiri Bibijan Bazarowa «Iň gowy çagalar bagynyň müdiri», 17-nji orta mekdepden Miýesser Hubbyýewa «Iň gowy mekdep müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary» atly bäsleşikleriň welaýat tapgyrynda birinji orny eýelediler. 29-njy çagalar bagyndan Şirin Saburowa «Iň gowy aýdym-saz mugallymy» bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda baş baýraga, döwlet tapgyrynda üçünji orna mynasyp boldy. Şeýle bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolan bilim işgärleriniň sany barmak büküp sanardan kän.

Bilim-terbiýeçilik edaralarymyzda okatmagyň hilini we mazmunyny baýlaşdyrmak, onuň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, sanly bilimiň ösüşi çaltlandyrylýar. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, okuwçylaryň arasynda ylmy-innowasiýa, döredijilik, taslama bäsleşiginde modelirleme, konstruktirleme, inženerçilik işläp düzmeler, robototehnika we emeli intellekt, programmirlemek ugurlary boýunça iş alyp barýan ýaşlar az däl. Etrabymyzdaky 10-njy orta mekdebiň okuwçysy Anwar Azamadow we 12-nji orta mekdebiň okuwçysy Baýram Narkulyýew Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň yglan eden «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda baýrakly orna mynasyp boldular. Ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň okuwçysy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Selbi Ruslanowa «Parahatçylyk — çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda surat çekmek boýunça baýrakly orna mynasyp boldy.

Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän bilim özgertmelerinden ugur alnyp, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ählisinde daşary ýurt dillerini okatmagyň kämil usullary ornaşdyrylýar. Etrabymyzyň bilim işgärleriniň gazanýan ýokary netijeleriniň, okuwçy ýaşlarymyzyň zehin kämilliginiň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza döredip berýän giň şertleri we mümkinçilikleri üçin alkyş aýdýarys. Geljekde-de ýaş nesliň ylym-bilimden ýüküni ýetirmegi, il-güne haýyrly bolup ýetişmegi ugrunda ähli tagallalary ederis.

Söhbetdeş bolan
Mahym ROZYÝEWA.

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 11.05.2023

Tmpedagog