06.05.2023 Täzelikler111 .

Turan halkara matematika olimpiadasy


Mart aýynyň 19-26-sy aralygynda geçirilen mekdep okuwçylarynyň arasyndaky Turan halkara sanly ulgam arkaly matematika olimpiadasyna ýurdumyzyň dürli künjeginiň orta mekdeplerinden we birnäçe okuw merkezleriniň diňleýjileri gatnaşdylar. Olar altyn, kümüş, bürünç we höweslendiriji baýraklara mynasyp boldylar. Olimpiada bäş ýurduň ýagny Azerbeýjan, Brazilýa, Nigeriýa, Täjigistan we Türkmenistanyň içinden ýüzden gowrak okuwçylaryň gatnaşmagynda geçirildi. Ol jemi iki tapgyrdan, her tapgyr üç soragdan ybarat bolan ýazmaça synag esasynda boldy. Olimpiadanyň ilkinji gezek geçirilmegine garamazdan başga döwletleriň gyzyklanmasyna getirdi. Ýagny indiki olimpiadalara ABŞ, Angliýa, Germaniýa, Türkiýe we başga ýene-de birnäçe döwletler gatnaşmaklyga isleg bildirdi.

Bäsleşikde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary hem işjeň gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler hem-de baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Kiçi synplar üçin «junior» kategoriýasynda harby mekdebimiziň 9-njy synp harby okuwçysy Döwlet Saparow höweslendiriji, ýokary synplar üçin «senior» kategoriýasynda harby mekdebimiziň 10-njy synp harby okuwçylary Sapa Ýazyýew kümüş,Merdanmuhammedow Hakberdi, Wepa Baýlyýew, Begli Amanýazow, Kemal Ezizow bürünç, Begnazar Serdarow, Goçnazarow Söýün höweslendiriji baýraklara mynasyp bolmagy başardylar. Gatnaşyjylara harby mekdebiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Merdangeldi Baýramow ýolbaşçylyk etdi. Ýeňijilere degişli diplomlar bilen sylaglanyldy.

Merdangeldi BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň çagyryş boýunça harby gullukçysy.



Tmpedagog