01.05.2023 Täzelikler78 .

Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi


Türkmenistanyň Bilim ministrligi akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — ylham çeşmämiz» diýen at bilen goşgy, düzme, liriki oýlanma ýazmak hem-de surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigini geçirdi.

Döredijilik bäsleşigi öz ýurdunyň topragyny jany-teni bilen söýen, bu babatda ulus-ile görelde bolan beýik akyldarymyz, ajaýyp nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň milli we umumadamzat gymmatyny, baý edebi mirasyny ýaş nesliň arasynda giňden wagyz etmek, olary watançylyk ruhunda we ýokary ahlak gymmatlyklarynyň mysalynda terbiýelemek, şahyryň döredijiligini çuňňur öwrenmäge giňden çekmek, döredijilige ukyply mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak, olaryň sungata bolan höwesini artdyrmak maksady bilen geçirildi.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi hem-de ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryna sowgatlar gowşuryldy.

Döredijilik bäsleşiginiň goşgy ýazmak ugry boýunça Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gülşat Ataballyýewa 1-nji orny eýelemegi başardy. Düzme ýazmak boýunça Magtymguly etrabynyň Magtymguly adyndaky 3-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Dünýä Meretgeldiýewa öňdäki orna mynasyp boldy. Liriki oýlanma ýazmak ugry boýunça Ak bugdaý etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Arslan Annagulyýew 1-nji orna mynasyp boldy. Surat çekmek boýunça Mary şäherindäki 14-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Meýlis Myratgeldiýew bäsdeşlerinden saýlanyp, öňdäki orny eýelemegi başardy.

Bäsleşikde 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlary eýelän mekdep okuwçylaryna Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Diplomlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.


"Mugallymlar gazeti" gazeti, 30.04.2023

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog