12.04.2023 Täzelikler117 .

Döwlet bäsleşiginiň 36 ýeňijisi


Lebaply mekdep okuwçylarynyň 36-sy şu ýyl Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi boldular.

Welaýatymyzyň 10-11-nji synp okuwçylarynyň 108-si sanly ulgam arkaly guralan bäsleşige Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň okuw-usulyýet merkezinden gatnaşdylar. Bäsleşikler okuw dersleriniň onusy boýunça geçirildi.

Türkmenabat şäheriniň, Halaç, Dänew, Çärjew, Kerki etraplarynyň mekdep okuwçylary däbe öwrülen bäsleşikde has-da şowly çykyş etmegi başardylar. Ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Diplomlar, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.




jeyhun.news

Tmpedagog