31.03.2023 Täzelikler112 .

Zehinli okuwçylaryň üstünligi (FISO)


Ýakynda okuwçylaryň arasynda onlaýn görnüşde geçirilen FISO olimpiadasynyň ýeňijileri mälim edildi. Oňa dünýäniň 31 döwletinden jemi 5 müň 300 okuwçy gatnaşdy. Bu halkara internet olimpiadasynda türkmenistanly okuwçylaryň hem 335-si üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

 Oňa paýtagtymyzdaky we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky mekdepleriň birnäçesinden okuwçylar gatnaşdylar. Iňlis, rus, hytaý, bolgar, kamboja we pars dillerinde geçirilen bu halkara ders bäsleşiginde ildeşlerimiz sungat, biologiýa, himiýa, fizika, matematika we iňlis dili dersleri boýunça bäsleşdiler. FISO olimpiadasynda türkmen okuwçylary jemi 255 sany medala — altyn medalyň 62-sine, kümüş medalyň 103-sine, bürünç medalyň 90-syna mynasyp boldular.

 Aşgabat şäherindäki 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Melike Begliýewa bäsleşige sungat ugry boýunça gatnaşyp, «Diamond» baýragyna mynasyp boldy. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, onuň ummanyň kenary hakda çeken nakgaş eseri olimpiadanyň iň ýokary baýragyna mynasyp boldy. Ýeri gelende bellesek, «Diamond» baýragy aýratyn tapawutlanan işlere berlip, altyn medaldan hem ýokary hasaplanýar. Ildeşimiz Melike FISO olimpiadasynyň taryhynda bu baýraga ýurdumyzdan mynasyp bolan ilkinji okuwçydyr.

 Arkadagly Serdarymyzyň ýaş nesle döwrebap bilim bermekde we ony has-da kämilleşdirmekde alyp barýan toplumlaýyn işleri bu günki gün öz oňyn netijesini berýär. Munuň şeýledigini nobatdaky halkara bäsleşikde zehinli okuwçylaryň üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolandygy hem subut edýär.

Çaryguly HANJAÝEW.
«Türkmenistan».

"Türkmenistan" gazeti, 30.03.2023

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog