18.03.2023 Täzelikler55 .

“Keşdeçilik sungaty – mirasymyň zynaty”


 Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 85-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda “Keşdeçilik sungaty – mirasymyň zynaty” ady bilen sesli okaýyş geçirildi.

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý medeni mirasy hasaplanýan keşdeçilik sungatynyň bu gün dünýä derejesinde belent ykrarnama eýe bolmagy, gelin-gyzlarymyzyň el hünäriniň nepisliginiň haýrana goýýandygynyň aýdyň mysaly bolup öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu senediň dünýä halklarynyň medeniýetiniň bir bölegine öwürilmegine ýardam edýändigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Türkmen halkynyň keşdeçilik sungaty birnäçe asyrlardan bäri öz durkuny üýtgetmän gelýändigi, bu nepis sungaty mähriban ene-mamalarymyz gyzlaryna öwredip, miras galdyrandygyny hem-de gaýmany, keşdäni, göldür, nagşy döredip dünýäni haýran eden türkmen zenanynyň on barmagynyň gudratyndan kemal tapan çeper el işleri ýöne bir senet däl-de, sungat, kerem-keramat hasaplanýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

 Çäräniň dowamynda gurnalan kitap sergi bilen tanyşdyryldy, sergi mekdep okuwçylarynda uly täsir galdyrdy.

 Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini hem-de baý medeni mirasyny, dünýä ýaýmakda, medeni, nsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.




medeniyet.gov.tm

Tmpedagog