05.03.2023 Täzelikler78 .

Zynatly dünýäniň mähribanlary


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” Tejen etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň Tejen etrap Zenanlar guramasynyň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda etrabyň döwrebap Bagt ýoly toý mekanynda Halkara zenanlar güni 8-nji mart baýramy mynasybetli «Zynatly dünýäniň mähribanlary» ady bilen aýdym-sazly, toý-saçakly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Etrabyň edara-kärhanalarynda, bilim ojaklarynda zähmet çekýän zenanlaryň, kümüş saçly mährem eneleriň, köp çagaly eneleriň gatnaşmagynda geçen bu dabara özboluşly täsirliligi bilen tapawutlandy. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşen mähriban türkmen halkymyzyň her bir baýramçylyklary, toý baýramlary uly ruhubelentlik bilen belleýändigi, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Döwletimiziň gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan beýik işler hakynda buýsanç bilen çykyş etdiler we halkymyza bagtyýar durmuşy bagyş eden hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda etrap medeniýet işgärleri özleriniň taýýarlan baýramçylyk konsertini tomaşaçylara hödürlediler. Olaryň ussatlyk bilen ýerine ýetiren edebi sazly kompaziýalary, folklor çykyşlary, wäşileriň degişme sahnalary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza janlarynyň sag, başynyň dik bolmagy, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumlarynyň mundan beýläk hem rowaç almagyny dileg etdiler.

Ogulmaral GYLYJOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.



Tmpedagog