03.03.2023 Täzelikler121 .

“Pars dili gününi” geçirmek meýilleşdirilýär


 “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda ýurdumyzda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdepleriň açylyp berilmegi biz-dilçi mugallymlary has hem buýsandyrýar. Islendik daşary ýurt dilini öwrenmek diňe şol dilde gepleşýänler bilen düşünişmäge mümkinçilik bermän, eýsem, täze bir medeniýeti hem öwredýär. Sebäbi “dil öwrenilmeýär, medeniýet öwrenilýär” diýen jümle bar. Bu hakykatdan hem şeýle. Islendik dili öwrenilende şol milletiň däp-dessurlary, aşhanasy, ýurduň tebigaty hem öwrenilýär. Elbetde, bir dili suwara derejede öwrenmek aňsat däl, şeýle-de bolsa, biziň mekdep okuwçylarymyz pars dilini öwrenmeklige örän höwesli. Olar sapakda tekstleri okap terjime etmek, ol teksti gysgaça gürrüň bermek, umuman berilen ýumuşlary erjellik bilen ýerine ýetirýärler.

 Okuwçylaryň daşary ýurt dillerini höwesli öwrenmeklerinde döredijilik- medeni çäreleriň ähmiýeti uludyr. Olaryň gurluşy-da, ýerine ýetiriliş usullary-da dürli-dürlidir. Okuwçylaryň biri-biri bilen erkin gatnaşykda işjeň bolanlarynda sözleýiş diliniň has çalt ösýändigini pedagogik tejribeler subut edýär. Şol nukdaýnazardan mekdeplerde “Dil günlerini” geçirmek, çagalarda öwrenýän dili bilen içgin tanyşmak, ol diliň medeniýetini, taryhyny öwrenmäge giň mümkinçilikler berýär.

 Ynha biz hem şol pedagogik tejribelerden ugur alyp , Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 28-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 6-njy martynda “Pars dili gününi” geçirmegi meýilleşdirýäris. Baýramçylyk çaräniň dowamynda okuwçylar pars dilinde goşgudyr aýdym, tans, pars dilinde türkmen halk ertekisi “Böwenjigi” sahnalaşdyrarlar. Mundan başga-da mekdebimiziň girelge zalynda okuwçylaryň gurnan pars dili sapagyna degişli sergisi hem bolar.

 Şunuň ýaly döredijilik-medeni çäreleriň yzygiderli geçirilip durulmagy okuwçylarda öwrenýän dili bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik berýär. Okuwçylarda shol derse bolan gyzyklanma we höwes döredýär.

Ýazjemal ILMÄMMEDOWA,
Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän
28-nji orta mekdebiniň ýokary derejeli pars dili mugallymy,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.



Tmpedagog