03.03.2023 Täzelikler58 .

Ýatdan çykmajak pursatlar


Ýakynda okuwçylaryň ukyp-başarnygyny açyp görkezmek maksady bilen Baýramaly şäherindäki 9-njy orta mekdepde usuly-amaly maslahat geçirildi. Şeýle-de bu ýerde mekdebiň mugallymlarynyň gurnamagynda sergä syn edildi. Maslahata 1-nji, 6-njy, 7-nji orta mekdepleriň mugallymlarydyr ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.

 Usuly-amaly maslahatda Baýramaly şäher häkiminiň orunbasary, şäher zenanlar bölüminiň başlygy Altynjemal Baýramowa, 9-njy orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mähri Çaryýewa, Baýramaly şäherindäki Çary Nurymow adyndaky 6-njy orta mekdebiň müdiri Jumageldi Durdyýew we aýdym-saz mugallymy Arslan Orazmuhammedow, 17-nji orta mekdebiň müdiri Begenç Soltanow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzda ýaş nesillerimize daşary ýurt dillerini öwretmekde alnyp barylýan işler dogrusynda nygtadylar. Şonuň ýaly-da, maslahatda görkezilen serginiň we “Medeniýet halkyň kalbydyr” ady bilen geçirilen edebi-sazly çäräniň hemmelerde ýatdan çykmajak pursatlary galdyrandygyny bellediler.

 Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisi geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimize okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Zöhrejan GARÝAGDYÝEWA,
Baýramaly şäherindäki 9-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 02.03.2023

www.turkmenmetbugat.gov

Tmpedagog