02.03.2023 Täzelikler57 .

Şygryýet äleminiň ussadyny ýatlap...


  “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň bahar paslynyň ilkinji gününde Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki Baýram şahyryň adyny göterýän 8-nji orta mekdepde açyk gapylar güni geçirildi. Açyk gapylar gününiň şygyr äleminiň ussady Gurbannazar Ezizowyň doglan gününe gabat gelmeginden ugur alyp, “Eneler jomartdyr, giňdir eneler” ady bilen geçirilmegi beýik şahyra goýulýan sylag- hormatdan nyşan. Çäräniň dowamynda ähli dersler boýunça göreldeli açyk sapaklar geçirilip, şäheriň mekdeplerinden gelen mugallymlar bilen tejribe alyşyldy.

 “Eneler jomartdyr, giňdir eneler” atly aýdym-sazly kompoziýada ýerine ýetirilen şahyryň goşgulary, onuň goşgularyna döredilen aýdymlar çärä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

 Gahryman Arkadagly, Arkadag Serdarly ajap zamanada ýazyjy- şahyrlarymyzy ýatlamaga, ylym-bilimi ösdürmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin mähriban Arkadagymyza, Arkadaly Serdarymyza jan saglyk, döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris!

Azyza ŞAJANOWA,
Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň
8-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy.



Tmpedagog