01.03.2023 Täzelikler53 .

“Zehin-zehinden zyýada”


 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň ylym-bilim almagy, döwrebap düşünjeli we giň dünýägaraýyşly bolup kemala gelmegi ugrundaky aladalar mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzda ylmyň, tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Döwletimiziň ykdysady we durmuş ösüşini üpjün etmekde ähmiýetli bolan maksatnamalar hem-de meýilnamalar düýpli ylmy esaslara daýanýar. Arkadagly Serdarymyz: “Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler” diýip bellemek bilen, ýurdumyzda ýaşlara ylym, bilim dünýäsinde-de giň ýol açýar. Şunda ýaş alymlary taýýarlamak, ýaşlaryň ylmy başarnyklaryny we gözleglerini höweslendirmek işleri aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar. Şu maksat bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, welaýat Baş bilim müdirligi we ýörite orta hünär okuw mekdepleri bilen bilelikde orta mekdeplerinde hem-de ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň arasynda taslama işleri boýunça brifing duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda çykyş edenler türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, şeýle hem Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda ýaşlarymyza döredip berilýän ähli mümkinçilikler dogrusynda taýýarlan işleri barada giňişleýin çykyş etdiler. Brifing duşuşygyna gatnaşan ýiti zehinli ýaşlarymyz okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.



yashlar.gov.tm

Tmpedagog