26.02.2023 Täzelikler52 .

“Iň eýjejik gyzjagaz – 2023”


  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň “Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleriň halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys” diýen sargytlardan ugur alyp bagtyýar nesilleriň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirilýän beýik işlerinden, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berýän gymmatly maslahatyndan ugur alyp ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmakdan, bilimlerini kämilleşdirmekden, zehinli çagalary ýüze çykarmakdan we olary goldamakdan, olaryň ähli taraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde 2-4-nji synplarda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda “Iň eýjejik gyzjagaz – 2023” atly şadyýan bäsleşiginiň Büzmeýin etrap tapgyrynda I orna Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al – Nahhaýan adyndaky Döwletliler köşgüniň 3-nji “A” synp okuwçysy Ataberdiýewa Nurana, II orna Aşgabat şäheriniň 92-nji orta mekdebiniň 4-nji “A” synp okuwçysy Gurbanmyradowa Ejeş, III ornalara bolsa Aşgabat şäheriniň 91-nji orta mekdebiniň 4-nji “Ç” synp okuwçysy Seýitgulyýewa Aýläle we Aşgabat şäheriniň Annagylyç Mätaji adyndaky 70-nji orta mekdebiniň 3-nji “A” synp okuwçysy Begenjowa Maral dagylar eýelediler we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň adyndan hormat hatlaryna we ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular. “Iň eýjejik gyzjagaz – 2023” atly şadyýan bäsleşikde I we II orna mynasyp bolan gyzjagazlar “Iň eýjejik gyzjagaz – 2023” atly şadyýan bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyryna gatnaşmak üçin hukuk gazandylar.

Mährijemal ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.



yashlar.gov.tm

Tmpedagog