23.02.2023 Täzelikler205 .

«Iň gowy gyzlar gurnagy» bäsleşiginiň jemi jemlenildi


Şu gün, 22-nji fewralda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we Kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramaklarynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda «Iň gowy gyzlar gurnagy» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Bu bäsleşigiň maksady okuwçy gyzlarda zähmetsöýerligi, gyz edebini, ahlak gözelligini, türkmen gyzlaryna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemekden, ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza sarpa goýmagy wagyz-nesihat etmekden ybaratdyr.

 Bäsleşige Gökdepe etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiň, Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesindäki 31-nji orta mekdebiň, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň, Halaç etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň, Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 21-nji terbiýeçilik okuw mekdebiniň gyzlar gurnaklary öz aralarynda bäsleşdiler. Olaryň şäher, etrap, welaýat tapgyrlaryndan saýlanyp, döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan gurnaklardygyny hem nygtamak bolar. Bäsleşik jemi 3 şert esasynda geçdi. 1-nji şerte laýyklykda, bäsleşige gatnaşyjylar öz okaýan mekdebinde hereket edýän gyzlar gurnagynyň adyny, alyp barýan işini, şygaryny şahyrana dilde tanyşdyrdylar hem-de asylly gyz edebi bilen bagly bolan türkmen däplerine, ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlaryň, aýdymlaryň, rowaýatlaryň üsti bilen ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň 2-nji şertinde bolsa gyzlar öz ýanlary bilen getiren el işlerini eminleriň gözegçiliginde ýerine ýetirdiler. Türkmen milli lybaslarymyzyň nagyşlaryny goşgudyr gazallaryň üsti bilen wasp etdiler. Bäsleşigiň soňky şertinde gyzlar milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, türkmen saçagyny bezediler we tagamlaryň taýýarlanylyşyny çeper sözleriň, aýdyşyklaryň, nakyllaryň üsti bilen beýan etdiler.

 Bäsleşigiň emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, Baş baýraga Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 21-nji terbiýeçilik okuw mekdebiniň gyzlar gurnagy, 1-nji orna Gökdepe etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiň gyzlar gurnagy, 2-nji orna Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň we Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesindäki 31-nji orta mekdebiň gyzlar gurnagy, 3-nji orna bolsa Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň we Halaç etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň gyzlar gurnaklary mynasyp boldular.

 «Iň gowy gyzlar gurnagy» atly bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary we sowgatlary bilen sylaglandylar.

«Güneş».


www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog