05.01.2023 Täzelikler72 .

Aşgabat şäherindäki mekdep-internatyň okuwçylary SOF olimpiadasynda 12 altyn medal gazandy


 Ýaňy ýakynda Hindistan Respublikasynyň Nýu Deli şäherinde online görnüşinde geçirilen iňlis dili boýunça olimpiadada Türkmenistanyň adyndan çykyş eden Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylary 12 sany altyn medala mynasyp boldylar. Ýeri gelende bellesek, bu olimpiada mekdep-internatynyň adyndan 12 okuwçy gatnaşypdy.  Has takygy, şol mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary Ogulgerek Agamyradowa, Abraý Orazberdiýew, Näzik Allakulyýewa, Jahan Ýaýlymowa, Serdar Maşaripow şeýle hem 10-njy synp okuwçylary Jennet Abdullaýewa, Aly Didarow, Tazegül Kakalyýewa, Resul Dowwaýew, Abdyrahym Akynyýazow, Döwran Annamämmedow we Serdar Bäşimow dagylar 1-nji orny, ýagny altyn medaly eýelemegi başardylar.  Iňlis dilçi okuwçylardan ybarat topara mekdep-internatynyň mugallymy Şemşat Musaýewa ýolbaşçylyk edýär.  Mundan başga-da, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylary dürli ugurlar boýunça halkara derejeli olimpiadalara yzygiderli gatnaşyp gelýärler.

Kadyrmyrat Öwezgylyjow, Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby


ashgabat.in

Tmpedagog