18.02.2023 Täzelikler65 .

„Edep-terbiýe maşgaladan başlanýar“


,,Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar“ ýylynda eziz Diýarymyzda ruhy we ahlak taýdan sagdyn, edep-terbiýeli jemgyýeti kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan möhüm wezipelerinden ugur alyp, orta mekdeplerde okap, bilim alýan ýokary synp okuwçylaryň, zähmet çekýän mugallymlaryň arasynda wagyz-nesihat çäreleri ýaýbaňlandyrylan görnüşde alnyp barylýar.

 Şeýle wagyz-nesihat duşuşyklaryň biri hem Tejen ŞEPB-niň KÝaÝeIBB-niň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda „Edep-terbiýe maşgaladan başlanýar“ ady bilen Tejen etrabynyň 12-nji orta mekdebinde geçirildi. Ýygnanyşykda çykyp geplemeklige giň orun berildi. Halkymyz çaganyň ezizdigini, edebiniň ondan hem ezizdigini aýdýar. Şonuň üçin her bir türkmen maşgalasynda ahlak aladasynyň irgözinden başlanýandygyny, ata-babalarymyz halallygyň, arassa ahlagyň ýol görkezýän çyragdygyna, şonuň üçin ony bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk hasaplapdyrlar diýip, çykyş edenler täsirli gürrüň berdiler. Ýygnanşykda iki taraplaýyn sorag-jogap alyşylmagy onuň täsirliligine uly ýardam etdi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň geljegi bolan ýaş nesillerimizi ylymly-bilimli edip terbiýelemek bilen bir hatarda olaryň berk bedenli, boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmagyny, olaryň bidüzgünçiliklerden, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, ýüze çykýan nogsanlyklaryň öňüni almak, ýaramaz endikleriň garşysyna birleşen tagallalar bilen barlyşyksyz göreşmelidigine aýratyn ähmiýet berildi.

 Gahryman Arkadagymyzyň – Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

Ogulsenem ÇALOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.



Tmpedagog