17.02.2023 Täzelikler73 .

Zehinli okuwçylaryň bäsleşigi


 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda pajarlap ösýän ylym-bilim ulgamy bu gün dünýä ülňülerine laýyk derejä ýetirildi. Döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanýan mekdep okuwçylary her ýylda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine uly höwes bilen gatnaşýarlar.

 «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň welaýat tapgyry Daşoguz şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdepde 10-njy synp okuwçylaryň arasynda türkmen, rus, iňlis dilleri, fizika, matematika, informatika, taryh, geografiýa, himiýa, biologiýa dersleri boýunça geçirildi. Bu bäsleşigiň netijesinde birnäçe zehinli okuwçylar ýüze çykaryldy. Taýýarlykly gelen ähli okuwçylar berlen soraglara yhlas bilen jogap berdiler. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan okuwçylara welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary gowşuryldy. www.turkmenmetbugat.gov.tm

Aýgözel ATAJANOWA,
«Daşoguz habarlary».

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 16.02.2023

Tmpedagog