14.02.2023 Täzelikler80 .

Hümmet bilen dolanar


«Öz köýnegiň öz teniňe ýakyn» diýlenidä. Çaý başynda tirsekläp, «Watan» habarlar gepleşigi boýunça Ministrler Kabinetiniň 10-njy fewralda geçirilen ginişleýin mejlisiniň ýazgysyna tomaşa edip oturyşyma, birden dikelenimi duýman galdym. Hormatly Prezidentimiziň mugallymlaryň zähmet haklaryny ýokarlandyrmak barada aýdan sözleriniň özüme eden täsirine hem ýylgyrdym, hem ýygryldym.

 «Ýeri, segsen ýaşyňda mekdepden galyp bilmän ýöreniň azmy, indem aýlyk gürrüňi gozgalsa, galkyjaklap otyrsyň» diýip özüme igensemem, döwlet Baştutanymyzyň bu meseläni galdyrmagyna çynym bilen begendim. Mugallymçylyk kärine bagyş eden ýarym asyra barabar ömrümi, gün-güzeranymy serimde aýladym. Deňeşdirere, deňäre zat kän, geçilen menzilem az däl...

 Seredip otursak, eziz kärdeşlerimiz, bize döwleti alkyşlamaga, begenip, höweslenip işlemäge, şükürler kylmaga kän-kän sebäpler, esaslar bar! Döwlet döräp, bilime, bilim edaralaryna, bilim işgärlerine şunça üns berlen, hormat goýlan, serişde sarp edilen zaman bolan däldir öýdýän özüm-ä. Şu günki günde mugallymçylyk arzuwlanyp ýetilýän, gadyry bilinýän mertebeli kär boldy. Ýaş nesliň geljegi baradaky döwletiň üns-aladasy bilim ojaklaryny-da, ýaş nesli okadýan, terbiýeleýän bilim işgärlerini-de kemsiz gurşaýar.

 Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň sagdyn ruhly, kämil terbiýeli we çuňňur bilimli ýaş nesli kemala getirmek bilen bagly belent tutumlara beslenmeginde biz — bilim işgärleriniň hem aýratyn ornumyz, paýymyz bardyr. Hormatly Prezidentimiz mugallymlaryň zähmet haklaryny galdyrmagyň zerurdygy hakynda gürrüň edýärkä, biziň her birimiz öz yhlasymyzy, iş netijelerimizi, ata-baba hormat-sarpa goýlup gelinýän mugallymçylyk käriniň abraýyny has ýokary götermegi başarmalydyrys.

 Mugallymçylyk meniň ilkinji kärim däl. Lukman bolup işleýärkäm, ilkinji gezek mekdebe wagtlaýyn «Saglyk» sapagyny okatmaga çagyrdylar. Bir aý işlänimden soň, men öz hakyky kärimi tapandygymy duýdum. Mugallymçylyk ugrundan gaýybana okuwa girdim, on ýyl işlän lukmançylyk kärimi goýup, mekdebe işe geçdim. Mugallymçylykda işläp ýörenime şu ýyl elli ýyl bolýar. «Türkmenistanyň ussat mugallymy» adyny berdiler, «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medalym bar. Iň esasysy-da, meni garratmaýan, her gün ençeme begenjeguwanja duş edýän söýgüli kärim bar.

 Döwletimiziň, hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyna, bilim işgärlerine bildirýän belent ynamynyň hökman ödeljekdigine, bu ugra sarp edilýän serişdeleriň örän uly hümmet bilen dolanjakdygyna ynanýaryn.

Bazar MYRADOW,
Murgap etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň biologiýa mugallymy.

"Türkmenistan" gazeti, 13.02.2023

Tmpedagog