08.02.2023 Täzelikler393 .

“Oguz hanyň zehinli nesilleri” nähili kesgitlenilýär?


 “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” ýylynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan ýurdumyzda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, şeýle hem ýokary we orta bilimiň arabaglanyşygyny ýola goýmak, orta mekdepleriň okuwçylaryny okuwa höweslendirmek, olaryň aýratyn zehinlilerini saýlap almak, geljekde kämil inženerleri ýetişdirmek maksady bilen “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiadany guramak we geçirmek hakynda Düzgünnama taýýarlanypdy. 3 tapgyrda geçirilýän olimpiadanyň häzirki günlerde I – etrap tapgyry guramaçalykly dowam edýär. Olimpiadanyň Balkanabat şäheri boýunça tapgyry şäheriň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebinde geçirildi. Oňa şäheriň orta mekdepleriniň ählisinden ýokary synp okuwçylaryň 337-si gatnaşdy.

 Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň resmi saýtynda ýerleşdirilen maglumatlara görä, “Zehin soraglaryndan” we “Matematika”, “Fizika”, “Himiýa”, “Biologiýa”, “Iňlis dili” derslerinden ybarat bolan soraglary saklaýan integrirlenen olimpiadanyň geçirilmeginiň maksady özbaşdak pikirlenip we mesele çözüp bilýän aýratyn zehinli okuwçylaryň zehinlerini açyp görkezmekden, olaryň ýokary bilim almaga höwesini, şeýle-de ylym, tehnologiýalar, tebigy, takyk we innowasiýalar bilen gyzyklanmalaryny artdyrmakdan, şeýle-de “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly altyn gaznasyny döretmekden, onuň agzalarynyň bilimlerini üznüksiz artdyrmakdan, etrap merkezlerinden çetde ýerleşýän mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň zehinini açmakdan we olaryň bilimlerini artdyrmak üçin usuly kömek bermekden, orta we ýokary bilimi utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Bulardan başga-da, olimpiada orta we ýokary okuw mekdebinde zähmet çekýän mugallymlaryň özara pikir alyşmaklaryna, orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmeklige we özara bähbitli pikir alyşmalaryny guramaklyga, okuwçylara özbaşdak we döredijilikli pikirlenmeklerine, standart däl meseleleri çözmeklerine, ylmy meselelerden baş alyp çykmagy öwretmeklige, tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri çuňňur öwrenmeklige we nazary bilimlerini amalyýetde ulanmaklyga höwes döretmäge ýardam berjekdigi barada aýdylýar. Şeýle-de resmi saýtda olimpiadanyň wezipeleriniň iň täze ylmy maglumatlary ulanmak arkaly meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmekden, orta mekdepleriň özara aragatnaşygyny işjeňleşdirmekden, tebigy we takyk ugurlar boýunça okuwçylaryň takyk we çalt pikirlenmek ukyplaryny ösdürmekden, çet gyraky obalardan zehinli okuwçylary ýüze çykarmakdan, olarda ýokary bilim almaga bolan höwesi döretmekden ybaratdygy bellenilýär.

 Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Molekulýar biologiýa we genetika kafedrasynyň mugallymy, guramaçylyk toparynyň agzasy Döwletmyrat Porrykow integrirlenen olimpiadanyň geçiriliş tertibi dogrusynda şeýle gürrüň berdi:

 -Bir mekdepden her synp boýunça 5 sany (IX synpdan 5, X (6 ýaş) 5 okuwçy, X (7 ýaş) 5 okuwçy, XI synpdan 5 jemi 20 okuwçy) gatnaşýan olimpiadanyň I tapgyry guramaçylar topary tarapyndan düzülen zehin soraglaryndan ybarat bolan ýumuşlar esasynda häzirki wagtda üstünlikli dowam edýär. Guramaçylyk toparynyň çözgüdi esasynda ýokarda agzalan tertipde jemi 20 okuwçy saýlanylýar. Bu tapgyrda saýlanan okuwçylar indiki tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýarlar. Indiki tapgyra gatnaşjak okuwçylaryň hemmesine “Matematika”, “Fizika”, “Himiýa”, “Biologiýa”, “Iňlis dili” derslerinden özbaşdak taýýarlanar ýaly usuly gollanmalar berler. Etrap tapgyrynda saýlanylan okuwçylar ýeňijiler diýlip hasap edilýär we ol okuwçylar “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly altyn gaznasynyň III derejeli agzalary diýlip hasaba alynýarlar. III derejeli agzalar indiki ýylda geçiriljek olimpiadanyň etrap tapgyryna gatnaşmazdan soňky tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýarlar. II tapgyr – welaýat we Aşgabat şäher tapgyry bolup, ol etrap tapgyrynda saýlanan okuwçylaryň arasynda geçirilýär. Welaýat tapgyrynyň ýumuşlary “Matematika”, “Fizika”, “Himiýa”, “Biologiýa”, “Iňlis dili” derslerinden düzülen soraglardan ybarat bolup, guramaçylyk topary tarapyndan düzülýär. Welaýat tapgyrynda saýlanylan okuwçylar ýeňijiler diýlip hasap edilýär we olar “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly altyn gaznasynyň II derejeli agzalary diýlip hasaba alynýarlar. Olar indiki ýylda geçiriljek olimpiadanyň welaýat tapgyryna gatnaşmazdan soňky tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýarlar. III tapgyr – jemleýji döwlet tapgyry bolup, bu tapgyr welaýat tapgyrynda saýlanan okuwçylaryň arasynda geçirilýär. Bu tapgyry Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýardam bermegi esasynda guramaçylyk topary tarapyndan 2023-nji ýylyň iýun-iýul aýlarynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde on günlük tomusky dynç alyş merkezi (Summer school) gurnalýar. Tomusky dynç alyş merkezinde dynç alýan okuwçylaryň wagtlaryny gowy geçirmegi üçin guramaçylyk topary geçirmeli işleriň ýörite meýilnamasyny taýýarlaýar. Meýilnama laýyklykda dynç alyş merkezinde okuwçylara sport ýaryşlar, Aşgabat şäheriniň gözel ýerlerine gezelençler, uniwersitetimiziň görnükli professor mugallymlary tarapyndan gyzykly sapaklar gurnalýar we olar uniwersitetimizde alnyp barylýan ylmy taslama işleri bilen tanyş edilýär. Okuwçylaryň tomusky dynç alyşda bolmaklary bilen bagly çykdajylar (ýatak jaýy, iýp-içgisi we ş.m.) Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hojalyk hasaplaşygyndaky serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär. Gurnalan tomusky dynç alyşyň dowamynda ýaryşyň jemleýji tapgyry geçirilýär. Jemleýji tapgyryň ýumuşlary “Matematika”, “Fizika”, “Himiýa”, “Biologiýa”, “Iňlis dili” derslerinden düzülen soraglardan ybarat bolup, guramaçylyk topary tarapyndan düzülýär. Guramaçylyk toparynyň çözgüdi esasynda ýeňijiler kesgitlenilýär. Bu tapgyrda ýeňiji bolan okuwçylar “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly altyn gaznasynyň I derejeli agzalary diýlip hasaba alynýarlar. I derejeli agzalar indiki ýylda geçiriljek olimpiadanyň başky tapgyrlaryna gatnaşmazdan jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýarlar. Bu integrirlenen olimpiadanyň ähli tapgyrlary türkmen we iňlis dillerinde geçirilýär. Olimpiadanyň ähli tapgyrlarynyň ýumuşlaryny çözmek üçin beriljek wagty we ýumuşlaryň ballarynyň mukdaryny guramaçylyk topary kesgitleýär.

 Integrirlenen olimpiadanyň jemleýji tapgyryna gatnaşan okuwçylaryň dersler boýunça şahsy orunlary alan ballarynyň jemleri boýunça öňünden bellenen ballar esasynda I, II we III orunlar kesgitlenýär. Integrirlenen olimpiadada ýeňiji bolan okuwçylar Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň diplomy we sowgady bilen sylaglanar.

 “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly altyn gaznasynyň agzalarynyň (I, II we III derejeli) ýüz tutmagy esasynda üznüksiz bilim almagy, höwes edýän ýokary okuw mekdeplerinde ýokary bilim almagy üçin Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniweristeti degerli maslahatlary we “Teklip haty” (Recommendation letter) berýär. Guramaçylyk toparynyň çözgüdi esasynda gutardyş synpda okaýan “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly altyn gaznasynyň agzalarynyň içinden ýokary netije gazanan, iňlis dili taýýarlygy ýokary bolan okuwçylaryň kesgitli sanyna (anyk sanyny her ýyl üçin aýratynlykda guramaçylyk iş topary kesgitleýär) Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde okuwyny dowam etdirmäge ýeňillikler dörediler.

 Ýeňiji bolan okuwçylaryň mekdeplerine we ene-atalaryna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan minnetdarlyk hatlary berler.

 Ýeňiji bolan okuwçylar we şol okuwçylary taýýarlan mekdepler habar beriş serişdeleriniň üsti bilen mahabatlandyrylar.

Taýýarlan Rahym Begenjow,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň arap dili mugallymy.



Tmpedagog