31.01.2023 Täzelikler47 .

Ylmy-usuly maslahat geçirildi


Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Ahal welaýat häkimliginiň guramagynda Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ylmy-usuly maslahat geçirildi. Bu ylmy-usuly maslahat “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesle raýat-watançylyk terbiýesini bermegiň wezipeleri” diýen şygara beslendi. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň ýaş nesliniň milli terbiýesine aýratyn ünsli garamak, milletimiziň ruhuna mahsus arassa, sagdyn ahlak kadalaryny we milli buýsanjy saklamak hakynda aladalanýar. Bu babatda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynda wagyz-nesihat işleri giňişleýin alnyp barylýar. Türkmen halky hemişe ahlak terbiýesine, Watana, halka, jemgyýete, maşgala bolan garaýyşlaryny nesillerinde terbiýeläp gelipdirler. Terbiýe işindäki netijeli usullaryň biri hem, şahsyýet doly manysynda kemala gelýänçä oňa ahlak we watançylyk terbiýesini bermekdir. Halkymyzda nesil terbiýesi diýseň inçeden-inçe işlenen meseledir. Bu babatda ilhalar ynsan, mugallym Berdimuhamet Annaýewiň hem çagalara beren öwüt-ündewleriniň, edep-terbiýe işleriniň esasy öze nini düzýär. Uly dabara bilen geçirilen ylmy-usuly maslahatda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde dersleriň üsti bilen okuwçylara watançylyk barada berilýän düşünjeler dogrusynda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Onda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň jemgyýetçilik bilimleri bölüminiň esasy ylmy işgäri Gurbanjemal Nuryýewa, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Gyzylgül Ahadowa, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň mugallymy Aýna Joraýewa, Aşgabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň mugallymy Tawus Saparowa, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň tebigy we takyk bilimler bölüminiň uly ylmy işgäri Kümüş Udamyradowa çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimize alyp barýan beýik işlerinde rowaçlyklary arzuw etdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar guralan kitap sergisine tomaşa etdiler.

Ýörite habarçymyz.
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 30.01.2023

Tmpedagog