NEŞIR EDILEN TÄZE OKUW KITABY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde umumybilim berýän mekdeplerimiz üçin täze okuw kitaplarynyň, okuw gollanmalarynyň neşir edilmegi ýaş neslimiziň döwrebap bilim almaklaryna giň mümkinçilikleri döredýär. Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň XII synpy üçin “Iňlis dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitaby (awtorlary: N.Öwezowa, R.Soýunowa, M.Allaberdiýewa) Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. Bu okuw kitaby okuw dersiniň tassyklanylan okuw maksatnamasyna laýyklykda, şeýle hem “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” kesgitlenilen daşary ýurt dillerini öwretmegiň wezipelerine hem-de ýörelgelerine, dünýä tejribelerine esaslanyp taýýarlanyldy.
XII synp üçin neşir edilen “Iňlis dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitabynda temalara laýyklykda dürli ýumuşlaryň interaktiw usullarda berilmegi, okuwçylaryň iňlis dilini höwes bilen özleşdirmeklerine, okuw prosesiniň bolsa netijeliligini artdyrmaga ýardam eder. Bu bolsa okuwçylaryň geljekki durmuşynda iňlis dilinde okamak, ýazmak, erkin gürlemek ýaly endiklerini has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň okuw
kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
education.gov.tm