Jemgyýetiň işjeň güýji
Täze taryhy döwrümiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ilkinji günlerinden halkymyz tarapyndan giňden dabaralandyrylýar. Bu asylly ýörelge halkymyzyň, şol sanda zenanlaryň durmuşynda hem uly rowaçlyklara beslenýär. Zenanlara döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda uly orun berilýär. Olar maşgalada nesil terbiýelemekde, maşgalanyň söýesi, nusgalyk görelde hökmünde uly hormatdan peýdalansalar, döwletiň ösüşlerine gaýratly zähmetleri bilen goşulyşyp, işjeňlik görkezýärler. Olaryň döwür bilen gatnaşygyny pugtalandyrmakda zenanlar guramasynyň orny örän uludyr. Guramanyň alyp barýan işleri zenanlaryň başarjaňlygyny, mümkinçiligini açyp görkezmäge uly ýardam berýär. Bu babatda Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň ilkinji zenanlar guramasynyň alyp barýan işleri hem ýokary guramaçylyk derejesine eýe bolup durýar.
Guramanyň ähli agzalarynyň ýokary medeniýetli, giň gözýetimli, arassa ahlakly bolmaklary, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden döredijilikli baş çykaryp bilmekleri gazanylýar. Okuwçy gyzlaryň arasynda milli ýörelgeleri, el işlerini, zähmet terbiýesini, sagdyn durmuşy ündemek, maşgala mukaddesligini wagyz etmek maksady bilen, terbiýeçilik ähmiýetli çäreler, duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Zenan mugallymlaryň, okuwçy gyzlaryň döredijilik we medeni-köpçülik işlerinde işjeňligini artdyrmak, içki tertip-düzgünleri berjaý etmeklerini gazanmak, agzybirligini pugtalandyrmak babatda hem derwaýys işler alnyp barylýar. Mekdepde okuwçy gyzlaryň ukyp-başarnyklaryny giňden açyp görkezmek, olary hünärlere ugrukdyrmak maksady bilen ýörite gurnak hereket edýär.
Guramanyň agzalary diňe mekdepde däl, eýsem, welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän dürli bäsleşiklerde çykyş edýärler. Munuň şeýledigini mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Dilber Hupbyýewanyň Aziýa döwletleriniň arasynda Gazagystan Respublikasynda geçirilen surat bäsleşiginde 2-nji orna, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yglan edilen bäsleşikde mekdebiň okuwçy gyzlary Zybagözel Gurbanowanyň, Aýlar Durdyýewanyň, Dilber Hupbiýewanyň hormatly Prezidentimiziň sowgadyna mynasyp bolmagy aýdyň görkezýär. Asal Iskenderowa, Raziýajan Ikrambekowa, Taran Ýesenýa, Alina Urmanowa dagy welaýat derejesinde geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine informatika dersi boýunça gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Zenan mugallymlar barada gürrüň edilende, «Iň göreldeli mekdep müdiri» atly bäsleşigiň şäher tapgyrynda mekdebiň müdiri Enejan Baýlyýewa 1-nji orna, «Iň gowy orta mekdep» bäsleşiginde mekdebimiz baş baýraga mynasyp boldy. «Mekdep müdiriniň iň göreldeli okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary» bäsleşiginiň şäher tapgyrynda Gülbahar Baýramowa 1-nji orna mynasyp boldy. «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasym» atly bäsleşigiň şäher tapgyrynda Bahar Kurdowa, «Ýylyň mugallymy — 2024» atly bäsleşigiň şäher tapgyrynda Aknur Esenowa dagy 1-nji orna mynasyp boldular.
Şeýle köptaraply işler zenanlaryň ähli babatda işjeňliginiň artmagyna, okuwçy gyzlaryň bolsa diňe bilim almak bilen çäklenmän, eýsem, kämil edep-terbiýeli bolmagyna itergi berýär. Ýurdumyzyň bagtyýar zenanlary hakdaky aladalara möhüm ähmiýet berýän halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Gurbantäç TAÝEWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
7-nji orta mekdebiň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 06.02.2025