Arkadagly Serdarymyz il-günümiň guwanjy, ýurt geljegi ýaş nesiller Watanmyzyň daýanjy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly
gymmatly kitaby ýaş nesilleri terbiýelemekde ýörelgedir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly
gymmatly kitabyndaky “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar
hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine
aýratyn bil baglaýarys” [3 s.] diýen çuň manyly sözlerinden belli bolşy ýaly, baky
Bitarap ýurdumyzyň gülläp ösmegi şu günki ýaş nesilleriň çuň bilimine,
döredijilikli başarnygyna, päk terbiýesine baglydyr. Elbetde, ýaşlaryň kämil
şahsyýet hökmünde kemala gelmegi ilkinji nobatda bilim işgärleriniň, aýratyn
hem mugallymyň hünär başarnygyna baglydyr. Mugallym öwredýänligi we şol bir wagtda-da öwrenýänligi üçin, öz üstünde yzygiderli işlemelidir, kämilleşmelidir. Bu babatda ýurdumyzyň bilim ulgamynda birnäçe işler durmuşa geçirilýär, şol bir sanda birnäçe bäsleşikler, usuly-amaly okuwlar we maslahatlar meýilnamalar
esasynda guralýar. Golaýda (13-nji ýanwarda) Balkan welaýat Baş bilim
müdirliginiň ýanyndaky Döwlet umumy bilim edaralarynyň mugallymlarynyň we
mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, terbiýeçileriniň hünär derejesini
ýokarlandyryş merkeziniň ýyllyk meýilnamasyna laýyklykda Balkanabat şäheriniň ýaş pedagogik işgärleri bilen geçirlen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitaby boýunça usuly maslahat aýdylanlarymyza aýdyň mysaldyr. Maslahata Balkanabat şäheriniň orta mekdeplerinden ýaş pedagogik mugallymlaryň birnäçesi gatnaşdy. Maslahatda merkeziň müdiri
Jumageldi Annamämmedow Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýaş nesiller üçin döredilýän mümkinçilikler, bilim ulgamynyň dünýä derejelerinde ösdürilişi barada täsirli çykyş etdi. Ol öz
çykyşynyň başyny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar-Watanyň
daýanjy” atly gymmatly eserindaki “Mundan müň ýyl ozal aýdylyp gidilen bir söz bar: “Has köp zatlary bitirmäge gujur-gaýraty, mümkinçiligi barka, az zat bilen
kanagat edip oturmak ynsan üçin iň uly aýypdyr” diýen jümle bilen başlady. Soňra
bolsa “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly gymmatly gollanmany bilim-terbiýeçilik
işlerinde peýdalanmagyň usullary we ähmiýeti barada usuly maslahatlar berdi.
Şeýle hem, geljegimiz bolan ýaşlaryň ösen medeniýetli, ruhy taýdan sagdyn,
işbaşarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleriň
döredilýändigini dürli mysallar bilen beýan etdi.
Balkanabat şäheriniň 8-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýat
mugallymy Aýgül Taganowa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar-
Watanyň daýanjy” atly kitabyndaky “Watan- ýaşlaryna daýanýar” diýen giň
manyly sözlerinden ugur alyp eden çykyşynda, kitabyň her bir jümlesi ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelgedigini, her bir pursadynda çelgi bolup Watana, halka hyzmat etmegä taýýar bolan kämil şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmekde beýik nusgasdygyny giňden beýan etdi. Aýgül mugallym: “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly ajaýyp kitap biz mugallymlar üçin ýakyn gollanmadyr. Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin ýaşlara uly ynam bildirilýär. Halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlar bilen yzygiderli geçirýän duşuşyklary ýokary ahlaklylygyň hem-de eziz Watanymyza we halkymyza çäksiz söýginiň, ýaşlara bolan ynamyň belent nusgasyny görkezýär” diýip öz çykyşynda belläp geçdi.
Balkanabat şäheriniň 23-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýat
mugallymy Hesel Tuwakmämmedowa öz çykyşynda: “Mähriban halkymyzyň,
aýratyn-da, ýaşlaryň ýankitabyna öwrülen hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar-
Watanyň daýanjy” eseri ýurdumyzda öňde durýan wezipeleri amala aşyrmakda, möhüm meseleleri çözmekde ýaşlar üçin gymmatly gollanmadyr. Birinjiden, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji kitabynyň Gahryman Arkadagymyza sowgat berilmegi, bu kitabyň ýaşlara bagyşlanylmagy bütin türkmen halkyny, hususan-da, türkmen ýaşlaryny örän begendirdi, buýsandyrdy. Bu kitabyň başynda Hormatly Prezidentimiz: “Watana söýgi – halka söýgi. Bu ýöne bir döreýän jümle
däl. Watanyň öý-ojakdygyny, ýaşaýan, okaýan, işleýän ýeriňdäki adamlardygyny
durmuşyň özi görkezýär” diýip belleýär. Bu bolsa Watana bolan, halka bolan
söýgini ýene bir gezek kalbyňa guýýar” diýip belledi. Şeýle hem mugallym
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurduň ygtybarly daýanjy hem guwanjy
bolan ýaşlaryň päk terbiýe, döwrebap bilim almagyna aýratyn üns berýändigi,
“Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin
Döwlet maksatnamasynyň” çäginde kämil, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn, öz halkynyň medeniýetini we däp-dessurlaryny hem-de mizemez maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen anyk çäreler görülýändigi dogrusynda dürli mysallar getirdi. Mugallym çykyşynyň ahyrynda giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa, ynsanperwer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde bilim işgärlerine döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, asylly we döredijilikli zähmet çekmelidigini berk nygtap geçdi.
Soňra Balkanabat şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň informatika mugallymy
Döwranguly Annagulyýew Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gahryman Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabyndaky ýaş pedagoglara peýdaly maslahatlar dogrusynda çykyş edip, “Biz ýaşlara we olaryň sowatlylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurdumyzda ilatyň, şol sanda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, aýratyn hem, hünär bilimlerini almaklary babatda ähli şertleri, mümkinçilikleri döredýäris” [38 s.]. “Eger-de diňe özümizi däl-de, il-halkymyzy begendirmek, guwandyrmak niýetinden ugur alsak, gursagymyzdaky güýç-gaýratymyzam şoňa görä artmak bilen bolar” [23 s.] ýaly dürdäne jümleleriň ähmiýetini beýan etdi.
Maslahatyň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar-
Watanyň daýanjy” atly kitabyny okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalangyň usullary, iş tejribäňi baýlaşdyrmakda bu kitabyň ähmiýeti dogrusynda dürli usuly sorag-jogap alyşyldy we ýaş mugallymlara usuly maslahatlar berildi. Soňra bolsa Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözler bilen maslahat jemlendi.
Sary Hajyýew,
Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky
Döwlet umumy bilim edaralarynyň mugallymlarynyň
we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň,
terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkeziniň
baş hünärmeni.