09.01.2025 Täzelikler42

Netijeli häsiýete eýe boldy


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmäge aýratyn uly üns berilýär. Her ýylda bilim işgärleriniň gatnaşmagynda usuly-amaly okuwlar guramaçylykly geçirilýär. 2024-2025-nji okuw ýylynyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilýän ýanwar usuly-amaly okuwlary şu ýyl 6 — 8-nji ýanwar aralygynda guraldy.

Daşoguz şäherindäki orta mekdeplerde guralan usuly-amaly okuwlaryň dowamynda bilim işgärleri sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim-terbiýeçilik edaralarynda bilim işini guramak boýunça özara tejribe alyşdylar. Mekdep okuwçylarynyň sanly tehnologiýalardan oňat baş çykarmagyny gazanmak maksady bilen, bilim işgärleriniň sanly ulgam boýunça hünärlerini ýokarlandyrmak işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagy dogrusynda pikir alyşmalar boldy.

Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 25-nji maýynda tassyklan «Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» bilim özgertmeleriniň has-da rowaçlanmagyna giň mümkinçilikleri döretdi. Häzirki wagtda bilim-terbiýeçilik edaralarynda bu konsepsiýada bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ýörite düzülen iş meýilnamalary esasynda degişli işler alnyp barylýar.

Döwrebap tehnologiýalar esasynda ýaş nesillere bilim bermegiň dünýä tejribesi öwrenilýär. Bu babatda baý iş tejribesi bolan halypa mugallymlaryň göreldesi aýratyn bellärliklidir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde guralan usuly-amaly okuwlaryň dowamynda bular barada hem bellenip geçildi. Usuly-amaly okuwlarda bilim işgärleri bilim özgertmelerini durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Netijeli häsiýete eýe bolan usuly-amaly okuwlaryň dowamynda bilim işgärleri ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Bilim işgärleriniň ýanwar usuly-amaly okuwlary welaýatymyzyň ähli etraplarynda hem guramaçylykly geçirildi.


"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 09.01.2025

Tmpedagog