08.10.2024 Täzelikler136

«Filologiýanyň meseleleri» atly elektron žurnalyň ilkinji sany


Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly elektron žurnallary döretmek hakyndaky teklibi makullady we bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalarynyň batly depginlerde ösýän, sanly ykdysadyýetiň we sanly bilimiň yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýan, ylmyň dünýä derejesinde ösdürilýän, kämilleşdirilýän döwründe şunuň ýaly elektron neşirleriň ýola goýulmagy uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde, ýakynda «Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly elektron žurnalyň ilkinji sany okyjylar köpçüligine ýetirildi. Okyjylar bu žurnaly datmddi.edu.tm saýtyndan okap bilerler. Türkmen, iňlis, rus dillerinde üç aýda bir gezek çap edilýän bu elektron neşirde, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ylymda, bilimde amala aşyrylýan özgertmeleri, bu ugurda gazanylýan üstünlikleri, tejribeleri wagyz etmek, dünýä ýaýmak, ýaşlary ylma ugrukdyrmak, aspirantlaryň, doktorantlaryň, dalaşgärleriň, ýaş alymlaryň döredijilikli gözleglerine hemaýat etmek, olary ylmy-barlag işlerine höweslendirmek, halypa-şägirtlik ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmek ýaly asylly wezipeleriň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Şonuň ýaly-da, žurnalda dilşynaslyga, edebiýaty öwreniş, jemgyýeti öwreniş ylymlaryna, okatmagyň usulyýetine, terbiýeçilik işlerine, pedagogikanyň meselelerine, terjimeçilige degişli innowasiýalara esaslanýan ylmy makalalary çap etmek meýilleşdirilýär.

Şol tejribeleriň netijeleri elektron žurnalyň ilkinji sanyna girizilen makalalaryň mazmunyndan-da aýdyň görünýär. Elektron žurnal Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilim, dil hakyndaky pähimleri bilen açylýar.

Milli özbaşdaklygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlanan «Garaşsyzlygyň gadamlary» atly makalada täze taryhy döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan esaslandyrylan, yzygiderli ösdürilýän hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanýan içeri we daşary syýasatyň, hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän we ýurduň gülläp ösüşine gönükdirilýän başlangyçlaryň, maksatnamalaryň netijesini, ýaş nesilleri ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza eýerip, milli ruhda terbiýelemek bilen baglanyşykly möhüm meseleler beýan edilýär.

Okyjylar žurnalyň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» bölüminde «Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynda milli miras meselesi», «Filologiýa» bölüminde «Orta asyr Gündogar edebiýatynyň Magtymgulynyň döredijiligine täsiri», «Iňlis we türkmen dillerinde söz ýasalyş», «Iňlis dilinde kompýuter adalgalarynyň gurluş we semantik aýratynlyklary», «Magtymgulynyň şygyrlaryny rus diline terjime etmegiň taryhyndan» atly makalalar bilen tanşyp bilerler.

«Filologiýanyň meseleleri» atly elektron ylmy-usuly žurnalyň ilkinji sanynda institutymyz bilen hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň ýazan makalalaryna-da aýratyn orun berlipdir. Olardan «Koreý dilini we medeniýetini toplumlaýyn öwrenmek boýunça gözlegler» atly makalany we beýlekileri görkezmek bolar. Ýeri gelende, institutymyzyň daşary ýurtlaryň ençeme abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip gelýändigini bellemek gerek. Dili öwrenilýän ýurtlardan institutda işlemek üçin professor-mugallymlary çagyrmak indi adaty ýagdaýa öwrüldi. Bu ýerde dürli ýyllarda Müsürden, Türkiýeden, Eýrandan, Siriýadan, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Ispaniýadan, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Hindistandan gelen professorlar talyp ýaşlara hünär dilini öwretdiler. Olar türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk edip, degişli ugurlar boýunça okuw kitaplaryny ýazdylar, sözlükleri düzdüler. Häzirki wagtda institutda hytaýly, koreýaly, ýaponiýaly mugallymlar ýerli kärdeşleri bilen agzybirlikde zähmet çekip, sapak okadýarlar we olar halklaryň dostlugy, dil we edebi gatnaşyklar, dilleri okatmagyň usulyýeti barada öz tejribelerini paýlaşýarlar.

Žurnal talyplaryň Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylham joşguny bilen jemlenýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly elektron žurnalyň neşir edilmegine ak pata berilmeginiň çuňňur manysy bar. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy we onuň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri hyjuwly ýürekleri döredijilige, ylmy gözleglere ruhlandyrýar. Halkyň kalbyna şeýle ýakymly ýylda dünýä inen elektron žurnal alymlaryň täze neslini kemala getirjekdigine, onuň sahypalarynda çap edilen makalalaryň, ylmy habarlaryň okyjylarda uly gyzyklanma döretjekdigine ýürekden ynanýarys. Bilim almak, kämilleşmek, ylymlar dünýäsine aralaşmak, döretmek üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Jepbarmämmet GÖKLEŇOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli
dünýä dilleri institutynyň Ýakyn gündogar
dilleri kafedrasynyň dosenti,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 07.10.2024

Tmpedagog