26.01.2023 Täzelikler8469 .

Täsirli gün


 Mälim edişimiz ýaly Balkanabat şäheriniň 24-nji orta mekdebinde "Açyk gapylar güni" yglan edilipdi.

 Mekdepde "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň 25-nji ýanwarynda ir säher bilen myhmanlar aýdym-sazly dabara bilen garşylandy. Dürli ugurlar boýunça döredilen sergiler mekdebiň üstünliklerini, başarnyklaryny we aýratynlyklaryny beýan etdi. Mundan başga-da mekdebiň "Saglyk öyi", "Ýangyn söndürijiler", "Kitaphana", "Fito bar" we "Janly tebigat" burçlarynda okuwçylaryň degişli kärleri ýerine yetirip, öz ugurlary boýunça myhmanlara hyzmat etmegi has-da täsirli boldy.

 Bilim işgärleriniň iş tejribelerini paýlaşmak, ýaş mugallymlaryň tejribeli mugallymlardan pedagogikanyň inçe syrlaryny öwrenmeklik bolsa geçirilen "Açyk sapaklar” arkaly amala aşyryldy.

Mekdebiň bilim işgärlerine çekýän zähmetleri üçin minnetdarlyk bildirildi.  Myhmanlarda ýatdan çykmajak duýgular bolandygy aýratyn bellenip geçildi.  

tmpedagog.com.tm


Tmpedagog