25.01.2023 Täzelikler58 .

“Açyk gapylar gününe” hoş geldiňiz!


 Bilim işgärleriniň iş tejribelerini paýlaşmak, ýaş mugallymlaryň tejribeli mugallymlardan pedagogikanyň inçe syrlaryny öwrenmek maksatly çäreleriň biri hem mekdeplerde geçirilýän “Açyk gapylar günüdir”.

 Mekdebiň mugallymlary we okuwçylary “Açyk gapylar güni” mynasybetli özleriniň ylma, bilime we milli däp-dessurlarymyza daýanýan döredijilikli işleri bilen mekdepde dürli sergi burçlaryny taýýarladylar. Sergi burçlary dürli ugurlar boýunça döredilip, mekdebiň birinji gatynda başlangyç synp mugallymlarynyň we okuwçylarynyň öz okuw sapaklaryna degişli taýýarlan sergileri, ikinji gatyň sag ganatynda tebigy ugurly derslere, çep ganatynda fizika we astronomiýa derslerine, merkezde bolsa ýaşaýyş durmuş esaslary dersine mahsus sergi zallary bar. Mekdebiň üçinji gaty hem takyk ylymlary, gumanitar we döwrebap tehnologiýalar derslerine degişli sergi zallaryndan ybarat.

“Açyk gapylar güni” çäresi şeýle tertipde dowam eder :
- Sagat 8:00 – da aýdym-saz çykyşly açylyş dabarasy;
- Dürli ugurlarar boýunça döredilen sergilere ser salmak;
- Mekdebiň baýry we ýaş mugallymlarynyň geçirmeginde açyk sapaklar.

Balkanabat şäheriniň
24-nji orta mekdebi.



Tmpedagog