25.04.2024 Täzelikler70 .

Bilim bilen belent basgançaklara


Ýene bir okuw ýylynyň tamamlanmagyna az wagt galdy. Oba hojalygynda «jüýje güýz sanaşylýan» bolsa, bilim ulgamy babatynda «jüýje sanaşylýan» möwsüm bahar bilen tomsuň sepgidine gabat gelýär. Şol günler ýakynlaşdygyça öňdebaryjy bilim ojaklarynda ýetilen sepgitler belentligi, alnyp barylýan işler netijeliligi bilen has göwnüňi dokundyrýar. Häzirki wagtda 1154 okuwça bilim berýän Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdep hem şeýle bilim edaralarynyň biri.

Bu mekdebiň binagärlik gurluşyndaky döwrebaplyk onda alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik işlerine hem siňipdir. Täsin ýagdaý: mekdebiň şunça okuwçysynyň arasynda bilim bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň we medeni-köpçülikleýin çäreleriň haýsy hem bolsa bir görnüşine gatnaşmaýany ýok diýerliklidir.

«Mekdep durmuşy we bäsleşikler» diýeniňde, ilki bilen, ýadyňa Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan bäri däbe öwrülen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders we taslama bäsleşikleri düşýär. Şu okuw ýylynda mekdebiň zehinli okuwçylarynyň 41-si bu bäsleşigiň şäher, welaýat we döwlet tapgyrlarynda beýleki deň-duşlaryndan öňe saýlanmagy başardy. Bäsleşigiň Türkmenabat şäheri boýunça geçirilen tapgyrynda öňdäki orunlary eýelän 41 okuwçynyň 15-si onuň welaýat tapgyrynda hem baýrakly orunlara mynasyp boldy. Şol 15 okuwçynyň 5-si bolsa bäsleşigiň döwlet tapgyryndan hem ýokary üstünlik bilen dolanyp geldi. 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň bäsleşikler babatynda bu bilim ojagy üçin has düşümli bolandygyny ýeňijileriň geçen okuw ýyldakydan 10-a golaýynyň köpdügi hem görkezýär.

Gürrüň däbe öwrülen ders we taslama bäsleşikleri barada barýarka, olarda has üstünlikli çykyş eden käbir okuwçylaryň atlaryny tutmak hem artykmaçlyk etmese gerek. Olaryň arasynda mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Enejan Narmyradowanyň adyny aýratyn agzamak isleýäris. Tejribeli mugallym Dursun Açylowanyň zehinli şägirdi welaýatymyzyň taryhynda bäsleşigiň döwlet tapgyrynda türkmen dili we edebiýat ugry boýunça birinji ornuň eýesi bolup bilen ilkinji okuwçy bolmagy başardy. Mundan öň beýle üstünlik welaýatymyzda hiç bir okuwça başartmandy. Şeýle hem bäsleşigiň döwlet tapgyrynda Enejanyň synpdaşlary Jeýran Hamraýewa (mugallymy Marhabo Durdyýewa) iňlis dili boýunça ikinji, Maral Berdimyradowa (mugallymy Aman Berdimyradow) biologiýa, Jemşit Bahadurow (mugallymy Şöhrat Joraýew) informatika dersi boýunça üçünji orunlara mynasyp boldular. Bu ýeňişleriň üstüni bäsleşigiň taslama bölegine gatnaşan Döwlet Kerimowyň hem-de Myrat Janmyradowyň (Şöhrat Joraýewiň okuwçylary) gazanan ikinji orny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlary üçin döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde bu günki gün ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara FISO olimpiadasy, UNIPO taslama ýaly abraýly bilim bäsleşiklerinde hem özlerini ykrar etdirip bilýärler. ABŞ-nyň UNIPO saýtynda geçirilýän halkara taslama bäsleşiginde mekdebiň 11-nji synp okuwçylarynyň üçüsi, ýagny, Maral Berdimyradowa, Mähri Baýramowa, Batyr Babajanow dagy altyn medala mynasyp boldular. Ýeňijileri dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň nazaryna ilýän, şonuň üçin hem çylşyrymly şertlerden ybarat bolan bäsleşikde şu ýyl, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçylarynyň 36-sy öňdäki orunlary eýeledi. Şunça okuwçylaryň deň ýaryna golaýynyň — 17-siniň altyn medallary gazanmagy aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Galan medallaryň hem 15-si kümüş, 4-si bürünç medallardyr.

Zehinlileriň mekanynda döredijilige baş goşanlar hem, sungaty ýaran edinenler hem seýrek däl. Şu okuw ýylynda mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nabat Janmyradowa «Dünýä dursun parahat!» atly düzme bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ikinji, 4-nji synp okuwçysy Jennet Ereşowa bolsa «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda üçünji orunlary eýeläpdir.

Mekdebiň okuwçylary diňe okuwda, bilim bäsleşiklerinde däl, eýsem, sportda-da ukyp-başarnyklaryny görkezmegi başarýarlar. Bu üstünliklerde bolsa mekdebiň bedenterbiýe mugallymlary Almaz Myradowyň hem-de Atajan Hudaýberenowyň tagallalary bar. Sport ussatlygyna dalaşgär Almaz Myradowyň şägirtleri şu okuw ýylynda şäheriň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen ýaryşlarda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ikinji, woleýbol we şaşka boýunça üçünji orunlary eýelediler. Mekdebiň Mahir Arslanow, Begenç Begenjow, Aman Öwezow, Islam Hudaýberdiýew ýaly ezber okuwçylary bolsa welaýatymyzyň orta mekdepleriniň ýygyndy toparynyň düzümine kabul edilip, ýurt birinjiliginde ikinji orny eýeläp geldiler.

Mekdebiň aýdym-sazly nyzamlar bilen başlanýan hepdeleri dürli ugurlardaky üstünliklere beslenýär. Bilim ojagy bilen tanşyp ýörşüňe bezemen diwarlyklar hem ünsüňi özüne çekýär. Mugallymlaryň we okuwçylaryň bilelikdäki döredijilik ukyby bilen döredilýän diwarlyklarda zehinleriň sazlaşygyna bada-bat nazaryň kaklyşýar.

Bu bilim ojagy barada aýdylmaly esasy aýratynlyklaryň ýene biri hem baý tejribeli, öz işiniň ussadyna öwrülen mugallymlardyr. Asyl mugallymlar düzüminde «Türkmenistanyň ussat mugallymy» diýen hormatly adyň eýeleriniň biri, ýokary derejeli mugallymlaryň 8-si, döwlet sylaglarynyň eýeleriniň hem 4-si bar eken. Munuň özi bir bilim ojagy üçin diýseň uly hazyna. Olar mekdebiň müdiri, başarjaň bilim işgäri Röwşen Seýliýewiň ýolbaşçylygynda agzybirlik bilen zähmet çekýärler.

Şu günler mekdepde üstümizdäki okuw ýylyny üstünlikli jemlemek boýunça işler alnyp barylýar. Ýöne mekdebiň adaty bir myhmanynyň ýa-da munça üstünligi bir makala ýerleşdirmäge synanyşýan žurnalistiň nazary bilen seredeniňde eýýäm uly sepgitler gazanylypdyr.

— Bizde döwrebap derejede işlemek, ýaşlary ylma, döredijilige ugrukdyrmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Bize şol mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanaýmak galýar. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! — diýip, mekdep müdiri Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň adyna alkyş aýdýar.

Maral AKMYRADOWA
"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 25.04.2024

Tmpedagog