04.04.2024 Täzelikler65 .

Ýaş matematikleriň olimpiadasy üstünliklere beslendi


Halkymyz «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag» diýýär. Wagtyň eleginden geçip gelen bu nakyl öz manysyny hiç haçan ýitirmez. Sebäbi taryha ser salanymyzda ata-babalarymyzyň ösen ylmyň eýeleri bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ylym-bilim boýunça uzak geljegi nazarlaýan işler durmuşa geçirilýär.

Muňa mysal edip, Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 1-nji okuw-terbiýeçilik toplumynda mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasynyň geçirilmegini agzamak bolar. 25 — 30-njy mart aralygynda geçirilen bu olimpiadanyň jemleri Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda jemlenildi.

Olimpiadanyň jemleri boýunça toparlaýyn Russiýa Federasiýasyndan gelen okuwçylar topary 1-nji orna, ata Watanymyz Türkmenistandan gatnaşan okuwçylar 2-nji orna hem-de Hytaý Halk Respublikasyndan gelen okuwçylar 3-nji orna mynasyp boldular. 1-nji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasyndan gelen okuwçylara degişli şahadatnamalar hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyndan Awazada 10 gün dynç almak üçin ýollanma gowşuryldy.

Olimpiada iki dereje boýunça, ýagny «A» we «B» derejede geçirildi. Oňa gatnaşan her bir okuwça jemi 5 mesele hödürlendi we her meseläni dogry çözene 10 bal berildi. Bir meseläni çözmek üçin 5 sagat wagt bellendi we bir tapgyrdan ybarat boldy.

Bu halkara matematika olimpiadasynyň jeminiň jemlenilýän gününde ýene-de bir buýsandyryjy waka boldy. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilen çäreler biz — bilim işgärleriniň toý şatlygymyzy goşalandyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeliriniň hasabyna çagalar we halkara matematika olimpiadasyna gatnaşan okuwçylar üçin paýtagtymyzdaky täze açylan «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezine gezelenç guraldy. Bu gezelenç oňa gatnaşan çagalar üçin ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy.

Ajaýyp zamanda bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamaga, halal zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli her bir tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Şirmuhammet BERDIÝEW,
Arkadag şäheriniň Bilim müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

"Arkadag" gazeti, 04.04.2024

Tmpedagog