04.04.2024 Täzelikler40 .

Bedenterbiýe mugallymlary ýaryşdylar


Saýat etrabyndaky orta mekdepleriň bedenterbiýe mugallymlarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

Ýaryşy etrap bilim bölümi «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi bilen bilelikde gurady. Etrapdaky 2-nji orta mekdebiň sport zalynda geçirilen ýaryşa mekdepleriň toparlary gatnaşdylar.

Çekeleşikli geçen ýaryşlaryň netijesinde 13-nji orta mekdepden gatnaşan topara taý tapylmady. Olar garşydaşlarynyň ählisinden üstün çykdylar. Ikinji, üçünji orunlary bolsa 9-njy we 51-nji orta mekdepleriň toparlary paýlaşdylar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.




jeyhun.news

Tmpedagog