29.03.2024 Täzelikler199 .

Ilkinji duşuşyklar


Şu hepde Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 3-nji, 6-njy we 7-nji orta mekdepleriniň pedagogik işgärleri bilen aýra günlerde duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda “Türkmen pedagogy” döredijilik taslamasy tanyş edildi. Bu taslamanyň çäginde Türkmenistanly pedagoglaryň başarnyklaryny, iş tejribesini, üstünliklerini öwrenmek we paýlaşmak üçin dürli usullaryň peýdalanylýandygy barada taslamanyň esaslandyryjysy Döwranguly Annagulyýew giňişleýin aýdyp geçdi.

Häzirki wagtda tmpedagog.com.tm saýtynyň işjeňliginiň artýandygy nygtalyp, onuň bölümleriniň mümkinçilikleriniň her biriniň üstünde aýratyn durup geçildi.

Gyzyklanýan soraglaryna göwnejaý jogap alan diňleýjiler duşuşykdan hoşaldyklaryny bildirdiler.

Bägül SAPAROWA,
Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp
öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiniň informatika mugallymy,
"Tmpedagog".



Tmpedagog