13.03.2024 Täzelikler121 .

«Robot tehnikasy» bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi


Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda ýaş zehinlileri ýüze çykarmak maksady bilen, «Robot tehnikasy» bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşige welaýat hem-de Aşgabat we Arkadag şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan mekdep okuwçylarynyň toparlary gatnaşdy. Bäsleşik onlaýn görnüşinde geçirilip, robotlaryň başarýan işlerine görä ýeňijiler saýlandy. Şeýlelikde, robot bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Begmuhammet Hanmämmedow bilen Yslam Durdyýewiň ýasan android programmasy arkaly dolandyrylýan «Ýangyn söndüriji» roboty birinji orna mynasyp boldy. Ýaşlara okamaga, öwrenmäge uly mümkinçilik döredip berýän hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw edýäris.

Jeren ROZYÝEWA,
Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Watan" gazeti, 12.03.2024

Tmpedagog