15.02.2024 Täzelikler204 .

Taslama işleriniň welaýat tapgyry geçirildi


Ýakynda Ahal welaýaty boýunça takyk we tebigy ugurly okuw derslerine ýöriteleşdirilen hem-de beýleki orta mekdepleriň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäginde taslama (ylmy-döredijilik) işleriniň welaýat tapgyry Änew şäherindäki ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebinde geçirildi. Bu bäsleşige edebiýat, taryh, fizika, matematika, informatika, himiýa, biologiýa, geografiýa (ekologiýa) ýaly dersler boýunça işler hödürlenildi. Taslama bäsleşigine welaýatyň orta mekdeplerinden göreldeli okuwçylar gatnaşdylar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen bu bäsleşikde Ahal welaýaty boýunça orta mekdepleriň okuwçylarynyň iň gowy taslama işleri saýlanyldy. Tebigy we takyk, ynsanperwerlik ugurly okuw dersleri boýunça geçirilen bäsleşigiň maksady mekdep okuwçylarynyň tebigy zehinini, başarnygyny ösdürmekden, häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyk döredijilikli pikirlenýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden, olary hünärlere ugrukdyrmakdan hem-de okuw dersleri boýunça ylmy-döredijilik işleri bilen meşgullanýan zehinli okuwçylary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Emin agzalary hödürlenilen işlere, bäsleşigiň şertlerine görä, işiň temasynyň wajyplygy, meseläniň öwreniliş derejesi, maksady we wezipeleri, ylmy täzeçilligi, amaly gymmatlygy, taýýarlanylyşy, beýan edilişi, ony durmuşda ýa-da önümçilikde ulanmak mümkinçiligi ýaly şertler boýunça baha berdiler. Hödürlenilen taslama işlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda öňde goýlan wezipelerdir döwrebap ösüşleriň möhüm ugurlary öz beýanyny tapdy.

Mähri AGAHANOWA,
Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň
umumybilim bölüminiň baş hünärmeni.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 14.02.2024

Tmpedagog