27.01.2024 Täzelikler161 .

Mekdep okuwçylary StemCo online internet olimpiadasynda 4 ugur boýunça baýrakly orunlary gazandylar


Singapur döwletinde, mekdep okuwçylarynyň arasynda online görnüşde, takyk ugurly dersler boýunça StemCo internet olimpiadasy geçirildi. Bu olimpiada ýurdumyzyň mekdep okuwçylary himiýa, biologiýa, fizika we matematika derslerinden gatnaşdylar.

Ýurdumyzda ýerleşýän orta mekdepleriň, şol sanda Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylary bu olimpiada gatnaşmakda işjeňlik görkezdiler. Olimpiadanyň netijeleri boýunça, olar jemi 16 sany altyn we 37 sany kümüş medallara mynasyp boldylar. Netijelere laýyklykda, himiýa dersi boýunça 29, biologiýa dersi boýunça 12, matematika we fizika dersleri boýunça aýry-aýrylykda 6 sany baýrakly orunlary eýelemegi başardylar.

Belläp geçsek, mekdep okuwçylary takyk ugurlar boýunça her ýyl geçirilýän bu internet olimpiadasyna birnäçe ýyl bäri işjeň gatnaşýarlar.

Bu olimpiada dünýä boýunça 45-den gowrak döwlet, 250-den gowrak mekdepler, şeýle hem 12 müňden gowrak okuwçylar gyzyklanma bildirýärler. Bu barada olimpiadanyň resmi web saýtynda habar berilýär.

ashgabat.in


ashgabat.in

Tmpedagog