13.01.2024 Täzelikler123 .

Bilim — sazlaşykly ösüşiň çeşmesi


Balkanabat şäheriniň bilim işgärleriniň maslahaty daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde «Giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek ilkinji nobatdaky wezipedir» diýen at bilen geçirildi. Oňa gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde guralan sergini synladylar. Öňdebaryjy bilim işgärleriniň gazanan tejribelerini, sapaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan okuw-görkezme esbaplaryny, zehin-başarnykly mekdep okuwçylarynyň taýýarlan işlerini özünde jemleýän sergi maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Maslahatda 2023-2024-nji okuw ýylynyň birinji ýarymynda Balkanabat şäheriniň bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat çykyşy diňlenildi. Onda nygtalyşy ýaly, ylymdyr bilimiň durmuş ýolunda her bir ynsana üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdygyny aýratyn nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmekde ähli mümkinçilikler döredilýär. Şol şert-mümkinçiliklerden üstünlikli peýdalanmak bilen, şäheriň bilim-terbiýeçilik edaralarynda berkarar Watanymyza, il- -günümize wepaly, bilime höwesli, sporty söýýän, ýokary ahlakly nesilleri terbiýelemekde belent maksatlar nazarlanýar. Şäheriň bilim işgärleriniň birleşen tagallalary şeýle asylly maksada ýetmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Olaryň çekýän yhlasly, döredijilikli zähmeti ýaş nesliň welaýatymyz, ýurdumyz boýunça geçirilýän, şol sanda halkara derejeli bäsleşikleriň netijeleri boýunça gazanýan üstünliklerinde mynasyp beýanyny tapýar. Okuw ýylynyň birinji ýarymynyň dowamynda şäheriň mekdep okuwçylarynyň halkara internet bäsleşiklerinde 310 sany baýrakly orunlary eýelemekleri muňa anyk subutnamadyr. Olaryň ders we taslama bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda gazanan üstünliklerini hem bularyň üstüne goşmak bolar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesillerine berilýän bilim-terbiýäniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksadyna eýerilip, gürrüňi edilýän döwürde şäheriň bilim işgärleriniň 170-si hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşdylar. Häzirki wagtda şäheriň çäginde 10 sany ugur boýunça ýöriteleşdirilen orta mekdepler bolup, olarda bagtyýar nesillere iňlis, nemes, italýan, ýapon, hytaý, arap dilleri hem-de tebigy we takyk ugurly dersler boýunça bilim berilýär.

Maslahatyň barşynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, ýagny okuw ýylynyň ikinji ýarymynda, bilim ulgamynyň işini hem-de ýaş nesle berilýän bilimiň hil derejesini has-da kämilleşdirmekde hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan anyk wezipelerinden, degişli resminamalardan ugur alnyp durmuşa geçirilmeli işler dogrusynda hem giňişleýin gürrüň edildi.

Soňra öňdebaryjy bilim işgärleriniň çykyşlary diňlenildi. Olarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň mynasyp nesilleri terbiýelemekdäki möhüm ähmiýeti, sapaklarda bu eserden işjeň peýdalanmagyň usullary barada durlup geçildi. Şeýle-de geçilýän sapaklarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplaryň çuňňur mazmunyndan peýdalanmagyň netijeli usullary dogrusynda ähmiýetli gürrüňler edildi. Takyk we tebigy ugurly derslerde okatmagyň häzirki zaman usullaryndan peýdalanmagyň, okuwçylaryň pikirleniş ukybyny yzygiderli ösdürmegiň ýollary barada nygtaldy.

Maslahatda ylymly, bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek hem-de bilim ulgamyny ösdürmek üçin zerur bolan ähli şert-mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize hoşallyk sözleri aýdydy.

Nurmämmet HYDYROW,
«Balkan».

"Balkan" welaýat gazeti, 11.01.2024

Tmpedagog