03.01.2024 Täzelikler272 .

Saýt 1 ýaşady


Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji iş gününde, ýagny 2023-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda "TmPedagog" taslamanyň www.tmpedagog.com.tm saýty ulgamda öz hyzmatyna başlady. Maksady, düzgünleri, bölümleri barada saýtyň özünde doly maglumat bar bolany üçin bu ýerde aýratyn durup geçmezligi makul bildim. Taslamanyň we onuň saýtynyň başlangyç ädimleri barada maglumat beresim geldi.

Aslynda "TmPedagog" taslamasy gursagymda ençeme ýyllar bäri ýaşap gelýär. 2010-njy ýylda mugallym.ucoz.com domenli mugt hyzmatdan peýdalanyp "Mugallymlar maslahaty" at bilen saýt açypdym. Ony birnäçe gezek dürli ýerlerde tanyşdyrmagyma garamazdan, halk köpçüliginde ýörgünli bolmady. Häzirki wagtda agzap geçen saýtym internet torunda dur.

Ýurdumyzda sanly ulgama uly mümkinçilikleriň döredilýändigi "TmPedagog" taslamany täzeçe pikirler bilen giňeltmek maksadymyň döremegine getirdi. 2020-nji ýylyň başlarynda internet torunda taslamany ösdürmegiň dürli usullaryny öwrenmäge başladym. Pudaklaryň, ýurtlaryň başgadygyna garamazdan, öwrenen bu usullarymyň netijesini jemläp, täze tejribeleri ele aldym.

Täze ädimlerimiň ilkinjilerini “instagramda” paýlaşyp başlapdym. Bu ýerde hasabymy yzarlaýanlaryň sany köpeldigiçe, olar bilen özara hat alyşmagym taslamanyň indiki ädimlerini ätmäge bolan yhlasymy artdyrdy.

Instagramdan başga-da birnäçe jemgyýetçilik ulgamynda hasaplar açyp köpçülige taslamany iş ýüzünde tanyşdyrmagy dowam etdim.

Zähmet çekýän mekdebimde "TmPedagog" atly hepdelik diwar gazetini çykarmagy ýola goýdum. Bu diwar gazetine mekdebimiziň mugallymlarynyň we dürli çeşmelerden usuly çykyşlary ýerleşdirdim. Internet torunda hem elektron görnüşini ýerleşdirip, isleg bildirýänleriň ulanyp bilmegine mümkinçilik döretdim. Bu bolsa taslamanyň muşdaklarynyň gyzyklanmasyny artdyrdy.

Taslamany yzarlaýanlaryň sany köpeldigiçe olar bilen hat alyşmak ýygjamlaşdy. Şolaryň köp sanlysynyň islegini göz öňünde tutup maksada görä 3-5 ýyl soňra döredilmeli saýtyň hyzmatyny tizleşdirdik.

Bir gün zähmet çekýän mekdebimde «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäginde geçirilýän ugurlar boýunça taslama bäsleşigine taýýarlaýan okuwçyma garaşyp otyrkam, wagty boş geçirmezlik üçin şol saýtyň käbir kodlama işleri bilen meşgullanýardym.

Wagtyndan ir gelen höwesjeň okuwçym Nurmuhammet Kurbanow (Häzirki wagtda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 1-nji ýyl talyby) edip oturan işlerime seredip “Mugallym, men barkam Siz näme wagt sarp edýärsiňiz? Siz maňa etmeli işleri tabşyryň, men edeýin.” diýip, nägilelik bilen ýüzlendi. Bu okuwçynyň “TmPedagog” taslamasy bilen öňden gyzyklanýandygyny, özüniň goşandyny goşmakda yhlaskeşdigini göz öňünde tutup, oňa saýty taýýarlamagy ynandym.

Saýtyň bezeginiň ilkinji görnüşi ýokarda agzap geçilen diwar gazete meňzedilip taýýarlandy. Şol görnüşiň üstüde birnäçe gezek täzeden işlesek-de taslamanyň maksadyny bezeginde görkezmek başartmady.

2022-nji ýylyň tomus dynç alyş möwsümine garamazdan, Nurmuhammediň irginsiz yhlasy, zähmeti bilen saýtyň häzirki görnüşi döredildi. Şol ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda saýt birnäçe gezek barlagdan geçirildi we ulgama ýerleşdirmäge taýýar edildi.

Saýtda ýerleşdiriljek suratlary bolsa bäsleşiklerde birnäçe gezek ýeňiji bolup mekdebi üstünlikler bilen bezeýän okuwçymyz Bägül Şanurowa teklip etdim. Ol hem hoşallyk bilen kabul edip, özüne düşen wezipäni jogapkärçilik bilen ýerine ýetirdi.

Maglumatlary ýerleşdirmek ýeňilligini döretmek, “görüldi” sanyny bilmek maksady bilen 2023-nji ýylyň tomus aýlarynda saýt täzeden işlenildi.

Şol aralyklarda saýty ulgama ýerleşdirmek, ony ýöretmek we başga-da birnäçe zerur bolan maglumatlary, maslahatlary edinmek ugrunda wagt sarp etdim.

Mugallym bolmaga höwes eden, olara uly hormat goýýan taslamanyň dürli ýaşdaky, kärdäki muşdaklarynyň her bir sözi, maslahaty meniň üçin uly goldaw boldy. Ýörite hat alşyp, işiň gidişi bilen gyzyklanyp duranlar, bizden näme kömek diýenler, hat-da, jaňlaşyp söhbetdeş bolanlar hem boldy. Pursatdan peýdalanyp olaryň her birine minnetdarlygymy bildirýärin.

Jaňlaşmagyma kanagat etmäni ýörite didarlaşyp maslahat almak we teklipde bolmak üçin "Türkmenistan sport" halkara žurnalynyň redaktory Hojaberdi Apbaýew bilen ýakyndan söhbetdeş bolmagy makul bildim. Duşuşyk barada «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň elektron goşundysynyň №26 (109) 27.06.2022ý. sanynda agzap geçilýär:

“Bilýäniňi öwretmegiň, öwrenmekden has kyndygyny hemmelerden beter mugallymlar gowy bilýändir. Bu babatda olaryň hersiniň özboluşly usullarynyň, iş aýratynlyklarynyň bardygyna ynanýarys. «Türkmen pedagogy» ady bilen hereket etjek täze rubrika hem ýurdumyzyň mugallymlarynyň özara tejribe alyşmagyna mümkinçilik berer. Redaksiýamyza gelip, täze rubrika açmagy teklip eden Döwranguly Annagulyýewiň mugallymdygyna, Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdepde işleýändigine göz ýetiremizsoň, redaksiýamyzyň döredijilik topary onuň bilen ýakyndan tanyşmaga döwtalap boldy. Döwranguly mugallym bolsa munuň üçin ilki bilen «Mugallyma ýüzlenme» atly makalasyny okamagy maslahat berdi. Bizem täze rubrikany onuň döremegine sebäp bolan mugallymyň makalasy bilen açyp, ýurdumyzyň ähli mugallymlaryny özboluşly tejribeden, usullardan söhbet açýan materiallar bilen çykyş edip durmaga çagyrýarys!”

Ol mübärek ynsana bolan hormatymyň, minnetdarlygymyň uludygyny nygtap geçesim gelýär.

Jemgyýetçi pedagog Merdan Ataýew bilen jaňlaşmak arkaly gutlagyny, maslahatlaryny, goldawly sözlerini alýardym. Bu işewir, tejribä baý ynsan bilen ýüzbe-ýüz sataşyp gürrüňdeş bolmak islegimiň bardygyny aýtdym. Ol haýyşdymy höwes bilen kabul etdi.

Onuň bilen gürrüňdeş bolmak, iş tejribesini diňlemek, garaňky bolan soraglaryma ýagty jogaplar almak geljekki ädimlerimi aýgytly basmagyma ýeňillik berdi. Ýarym sagat wagtyny soramagyma garamazdan, ol gürrüňdeşlik üçin ýarym gününi sarp etdi. Çaýly, süýji-kökeli söhbetdeşlik üçin minnetdarlyk bildirip, täze pikirler, täze islegler bilen çykyp gaýdanym şu günki ýaly ýadymda.

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijisi Döwran Gullyýewiň hem alyp barýan taslamamyň muşdagydygyna söhbetdeşlik, tanyşlyk üçin jaň edeninde göz ýetirdim. Onuň goldaýjy sözleri meniň yhlasymyň artmagyna goşant goşdy.

Taslamany goldap öz pikirlerini, garaýyşlaryny beýan edip habar tutanlaryň sany köp. Olaryň içinde mugallymlar, ata-eneler, talyplar we okuwçylar bardygyny agzap geçmegim ýeterlikli bolar diýip hasaplaýaryn.

Saýty 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň 3-üne köpçülige hyzmatyny başladandygymyz barada ýokarda agzap geçipdik. Onuň açylyş dabarasyny zähmet çekýän mekdebimde ýagny, Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen umumybilim berýän 2-nji orta mekdebinde geçirdik. Mekdebiň ýolbaşçylary, halypa mugallymlary tarapyndan üstünlikler arzuw edilmegi, ýaş mugallymlar tarapyndan uly şatlanma bilen gutlag sözleriň aýdylmagy, şanyna nama düzülip goşgy okalmagy dabaranyň esasy bezegine öwrüldi. Şol günlerde sms-leriň, telefonyň, chat-laryň, elektron poçtanyň üsti bilen gutlagly sözleriň dowamly gelip durmagy şatlygyma şatlyk goşmak bilen birlikde jogapkärçiligimi berkitdi.

Saýtyň işe başlamagynyň täzeligini ilkinji bolup ashgabat.in saýty tarapyndan köpçülige ýetirilipdi.

Mundan başga-da:

turkmenistan.gov.tm
turkmenportal.com
arzuw.news
jeyhun.news
iicmet.gov.tm
e-cis.info
gozle.com.tm
orient.tm
central-asia.news
bseytakowmm.edu.tm
education.edu.tm
central-asia.news

ýaly birnäçe saýtlarda,

“Rysgal" gazetiniň 09.01.2023 ý. sanynda köpçülige ýetirildi.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy Ş. Hojaýewanyň “Новая наука” halkara ylmy işewirlik merkezinde (sciencen.org) eden “Цифровизация системы образования” atly ylmy çykyşynda agzap geçýär. Ol “Передовое развитие современной науки: опыт, проблемы, прогнозы” (Сборник статей X Международной научно-практической конференции, состоявшейся 12 января 2023 г. в г. Петрозаводске) atly kitabynyň 46-njy sahypasynda ýer alýar.

“Türkmen dünýäsi” gazetiniň 2023-nji ýylyň 9-njy awgustyndaky sanynda - №15 (647) žurnalist Şamyrat Muhammetgurbanowyň “Sanly bilim – bilimiň häzirki zaman tendensiýasy “Türkmen pedagogy” web-saýtynyň mysalynda” atly işinde saýtyň maksady has giňişleýin açyp görkezilen.

Türkmenistanly pedagoglara hyzmat edýän saýtyň 1 ýyllygy bilen ähli pedagoglary tüýs ýürekden gutlaýaryn! Çekýän zähmetleriniň hemişe üstünlikler bilen beslenmegini arzuwlaýaryn!

Döwranguly ANNAGULYÝEW.


Tmpedagog