30.12.2023 Täzelikler111 .

Täze mekdepde täze ýyla


Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ilkinji günlerinden ösüş-özgerişliklere, täze üstünliklere beslendi. Şu şanly ýylda welaýatymyzda gurlup, ulanylmaga berlen 10-a golaý bilim-terbiýeçilik edaralarynyň hatarynda etrabymyzyň Zerger geňeşliginde 600 orunlyk döwrebap orta mekdebiň açylmagy Türkmenabady etekläp oturan obanyň ýaşaýjylaryna uly sowgat boldy. Bu gün obamyzyň çagalary iň döwrebap mümkinçiliklere eýe bolan bilim ojagynda okaýarlar.

Täze mekdepde okamak, işlemek her kimiň arzuwy. Mekdebiň üstünliklerine goşant goşmak bolsa mugallymlarymyzyň hem, okuwçylarymyzyň hem esasy maksady. Bilim ojagymyzyň ilkinji ýeňşi hökmünde eýýäm ilkinji okuw ýylymyzdan halypa-şägirtlik ýoluny berkidip bilenligimizdir. Häzirki wagtda mugallymlarymyzyň agramly bölegi ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinden soňky bäş ýylyň dowamynda uçurym bolan ýaşlar. Kalby öwrenmäge we öwretmäge bolan hyjuwdan doly kärdeşlerimiz halypa mugallymlarymyzyň berýän maslahaty bilen öz işini göwnejaý ýola goýýarlar.

Bizi begendirýän ikinji bir aýratynlyk bolsa 600 çemesi okuwçymyzyň arasynda ozal döwlet we halkara derejeli ders, taslama bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň 30-dan gowragynyň bolmagydyr. Bu ýagdaý «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders we taslama bäsleşikleriniň mekdep tapgyrynda hem özüni görkezdi. Mekdebimiziň taryhynda geçirilen ilkinji bäsleşikde bäsdeşlik örän güýçli boldy. Şu günler bäsleşigiň mekdep tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylarymyz berkidilen mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda onuň etrap tapgyryna taýýarlyk görýärler. Ilkinji okuw ýylymyzdygyna garamazdan, etrap, welaýat we döwlet derejelerinde üstünlikleri gazanyp başlajakdygymyza ynanýarys. Bu ynamymyzyň bir çeşmesi işini örän söýýän we yhlasly mugallymlarymyz bolsa, ikinji çeşmesi mekdebimizde döredilen döwrebap şertlerdir. Dowam edýän okuw ýylymyzyň ilkinji gününde açylyp, ulanylmaga berlen mekdebimizde dersleriň islendik biri boýunça iň ýokary derejede sapak geçmek üçin ähli mümkinçiliklerimiz bar.

Mahlasy, tejribeli we ýaş bilim işgärleriniň 34-sini özünde jemleýän mekdebimizde 600 okuwça bilim berilýär. Mugallymlarymyzyň 25-siniň ýaş hünärmen bolmagy bolsa işdäki täzeçillige we netijeli gözleglere ýol açýar. Şeýle döwrebap mekdebi gurduryp, ulanmaga berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Geljegimiziň mynasyp eýeleri bolan ýaşlary ýetişdirip, olary jemgyýete goşmak üçin ähli yhlasymyzy gaýgyrmajakdygymyza ynandyrýarys.

Atajan HEMRAÝEW,
Çärjew etrabyndaky 63-nji orta mekdebiň müdiri.

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 27.12.2023

Tmpedagog