14.12.2023 Täzelikler68 .

Baýramçylygyň şanyna


Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli türkmen halkynyň bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik däpleriniň esasynda terbiýelemegiň usullary» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Ahal welaýat häkimligi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan usuly-amaly maslahat Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy.

Usuly-amaly maslahata gatnaşyjy öňdebaryjy bilim işgärlerine mekdepdäki muzeýe, şeýle-de ýörite guralan kitap sergisine aýlanyp görmek diýseň ýakymly boldy. Muzeý we kitap sergisi bilen tanyşlykdan soňra, myhmanlar bilim ojagynyň mejlisler jaýyna ýygnandylar. Ol ýerde usuly-amaly maslahat geçdi.

Usuly-amaly maslahatyň dowamynda täsirli çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň röwşen geljegimiz bolan ýaş nesliň beden, aň-bilim, ruhy, ahlak we durmuş taýdan ösüşini üpjün etmek, olary watansöýüjilik, ynsanperwerlik, dostluk ruhunda terbiýelemek ugrundaky tagallalaryna hem-de bu ugurda durmuşa geçirýän işlerine üns çekildi. Döwrümize mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmekde bilim işgärleriniň orny hakda aýratyn durlup geçildi.

Işjeňlikde geçen usuly-amaly maslahatda täze taryhy döwrümizde ýaş nesli türkmen halkynyň bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik däpleriniň esasynda terbiýelemegiň usullary bilen bagly özara tejribe hem-de pikir alyşmalara giň orun berildi.

Täzegül MEREDOWA,
Gökdepe etrabyndaky ýöriteleşdirilen
14-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 13.12.2023

Tmpedagog